Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Eýran bilen gepleşikleri dowam etdirmäge çagyrdy


ÝB Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleri tizden-tiz dowam etdirmäge çagyrdy.

Düýn şeýle beýannama bilen ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýokary derejeli wekili Katrin Aşton çykyş etdi.

Aşton birki günlükde ÝB-niň Eýranyň garşysyna girizen sanksiýasynyň gepleşikleriň ýaňdan başlanmagyna päsgelçilik döretmejegine ynam bildirdi.

Mundan öň Tähran halkara gözegçiligi astynda öz uranyny ýokary derejede baýlaşdyrylan urana çalyşmak boýunça gepleşiklere taýýardygyny aýdypdy.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalaryndan ybarat altylyk topar we Germaniýa bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklar geçen ýyl kesilipdi.
XS
SM
MD
LG