Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýa Kosowa problemasyna seretmäge aýak direýär


Kosowanyň garaşsyzlygy halkara hukugyna ters gelmeýär diýip, Gaagada Halkara suduň ýakynda çykaran kararyna garamazdan, Serbiýa Kosowa problemasyny maslahatlaşmagy dowam etdirmäge BMG-ni çagyrdy.

Serbiýanyň DIM-i düýn BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine rezolýusiýanyň proýektini iberdi, dokumentde “Kosowanyň Serbiýadan bölünip aýrylmagy territoriýal dawalary çözmekde kabul ederlik usul däl” diýlip bellenipdir.

Belgrad sentýabr aýynda Howsuzlyk Geňeşinde dokumentiň maslahat edilmegine aýak direýär.

Kosowa garaşsyzlygyny 2008-nji ýylyň fewral aýynda yglan etdi. Şondan bäri onuň garaşsyzlygyny dünýäniň 70 töweregi döwleti ykrar etdi.
XS
SM
MD
LG