Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa 300 töweregi syganlar toparyny kowmakçy


Fransuz häkimiýetleri 300 töweregi syganlar toparyny çykarmakçy, ÝB-niň beýleki ýurtlaryndan bikanun gelen syganlary kowmakçy diýip, Fransiýanyň içeri işler ministri Bris Ortfýo prezident Nikolýa Sarkozy tarapyndan çagyrylan gyssagly hökümet maslahatyndan soň aýtdy.

Maslahatda Luary jülgesindäki ýagdaýa seredildi. Bu ýerde polisiýadan gizlenmäge synanyşan sygan ýetginjegi atylandan soň, polisiýa bilen syganlaryň arasynda çaknyşyk boldy.

Günäkärleriň ählisiniň jezalandyryljakdygyny aýdyp, Sarkozy ýurtdaky bikanun sygan immgrantlaryň ählisini çykaryp kowmaga görkezme berdi.

Prezident sygan toparlaryny neşe söwdasynyň, çaga gulçulygynyň we jelepçiligiň öýjügi atlandyrdy.

Fransuz häkimietleriniň maglumatyna görä, ýurtda, esasan, Rumyniýadan we Bolgariýadan gelen 15 müň töweregi gelmişek sygan bar.
XS
SM
MD
LG