Sepleriň elýeterliligi

Kompýuter hakeri tussaglykdan boşadyldy


Juda howply kompýuter wirusyny işläp düzmekde güman edilýän hem öň tussag edilen haker düýn Sloweniýada hiç ýere gitmezlik barada dil hat bilen tussaglykdan boşadyldy.

Geçen ýyl dünýäniň dürli döwletlerinde 12 million gowrak kompýuter Maripos diýlip atlandyrylan wirusa uçrady. Ol ispan dilinde kebelek diýmekdir.

Wirus soň bank hasaplaryndan pul ogurlamak maksady bilen maliýe maglumatlaryny almakda ulanyldy.

Mundan öň sloweniýaly hakeriň 22 ýaşly şärigi Ispaniýada tussag edilipdi, onuň ady häzir aýan edilmeýär.

Kompýuter jenaýatçylarynyň garşysyna operasiýalara Sloweniýanyň, Ispaniýanyň we ABŞ-nyň ýörite gulluklary gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG