Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Berlinde polisiýa Latwiýanyň awtobusyny konfiskasiýa etdi


Berlinde polisiýa 1 million 800 müň kilometr ýol geçen Latwiýanyň turistik awtobusyny konfiskasiýa etdi.

Polisiýa wekiliniň sözlerine görä, awtobus özüniň köneligi bilen tapawutlanyp, ol alyp gelen ýolagçylary üçinem, ýoldaky beýleki ulaglar üçinem howp döredýär, onuň togtadyş sistemasy-da gowşak.

Germaniýa 65 adam ýollan Latwiýanyň turistik firmasyna şol adamlar üçin başga bir awtobus ibermek teklip edildi.

Latwiýanyň bu awtobusynyň geçen ýoly Ýerden Aýa çenli aralykdan dört esse köpdür.
XS
SM
MD
LG