Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«WikiLeaks» saýtynyň esaslandyryjysy bilen söhbet


«WikiLeaks» internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj Londondaky metbugat konferensiýasynda, 26-njy iýul
«WikiLeaks» internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj Londondaky metbugat konferensiýasynda, 26-njy iýul

Birleşen Ştatlaryň gizlin harby dokumentlerinden on müňlerçesiniň nusgasyny ele salan «WikiLeaks» atly internet saýtynyň resmileri şu hepde bu dokumentleriň Owganystanyň parahat ilatyna garşy uruş jenaýatçylyklarynyň edilendigine şaýatlyk edýändigini aýdyp, çykyş etdiler.

Bu waka halkara derejesinde dürli hili reaksiýalary döretdi. Şu soňky wakalar barada Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy «WikiLeaks» internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Assanj, siz ele salan maglumatlaryňyzyň hakykata laýyk gelýändigini şübhe astyna alýan Pakistanyň käbir resmilerine näme jogap berersiňiz? Hususan-da, Pakistanyň harby razwedka gullugynyň ozalky başlygy Hamid Gül siziň materiallaryňyzyň ýasamadygyny aýdýar.

Julian Assanj: Biz elimizdäki bu hasabatlara örän inçe ýollar bilen garamaly. Ol hasabatlaryň içinde örän köp maglumatlar bar. Hususan-da, ýerlerdäki harby bölümlerden, Owganystan bilen baglanyşygy bolan ilçihanalardan, razwedka gulluklaryndan we informatorlardan berlen jemi 91 müň hasabat bar biziň elimizde.

Informatorlar öz gezeginde töleg üçin hasabat beripdirler. Ýagny, olara özleriniň düýpli maglumatlary üçin Birleşen Ştatlaryň hökümeti pul töläpdir. Özleri-de olar öz bäsdeşlerinden üstün çykmak üçin dogry hasabat bermäge çalyşýarlar, ol hasabatlar bolsa kanuny sebäpler boýunça taýýarlanylýar.

Azatlyk Radiosy: Jenap Assanj, Pakistanda käbir resmiler gizlin maglumatlaryň syzmagy bilen bagly häzirki wakanyň Birleşen Ştatlaryň hökümeti tarapyndan gurnalan ýörite bir oýundygyny we munuň-da amerikalylaryň Pakistandaky harby güýçlerini artdyrmak ýa-da Pakistana hat-da goşun sürmek ýaly maksatlary bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýärler. Siz şu barada näme aýdyp bilersiňiz?


Julian Assanj: Elbetde, bu düýbünden ýalňyş pikir. Adamlar bizde bar bolan aýry-aýry hasabatlary okap we aýry-aýry detallar bilen tanşyp, olaryň biri-birleri bilen näderejede baglanyşyklydygy barada özleri-de netije çykaryp bilerler.

Mundan öň biziň Merkezi Razwedka agentligi üçin işleýänligimiz barada-da myş-myş ýaýrapdy. Emma, muňa garamazdan, ahyrynda Guantanamo türmesiniň esasy düzgünnamasyndaky maglumatlary, Sara Paliniň elektron poçtasyndaky maglumatlary, Hytaýyň senzura baradaky gizlin kararlaryndaky maglumatlary, Keniýadaky we Gündogar Timordaky resmi kast edişlikler baradaky maglumatlary ýaýradanam biz bolduk.

Şu zatlardanam biziň örän bitarapdygymyz hem-de dünýäniň islendik bir künjeginde jemgyýetçilige nähilidir bir maglumat ýetirmekde kynçylyk çekýän islendik adamy biziň kabul edýändigimiz aýdyň görünýär.

Azatlyk Radiosy: Siz özüňizdäki maglumatlary habar serişdelerine bermekde näme üçin hut «The New York Times», «The Guardian» gazetlerini we «Der Şpiegel» žurnalyny saýlap aldyňyz?


Julian Assanj: Biz öz çeşmelerimize käbir wadalary berdik. Şol wadalardan birem bu maglumatlary gorap saklamak üçin biziň tehniki we kanunçylyk taýdan ähli mümkin bolan çäreleri görmek baradaky wadamyzdyr.

Ikinjiden, biz bu berlen maglumatlaryň täsiriniň mümkin boldugyça güýçli bolmagy üçinem alada etmeklige wada berdik. Şu nukdaýnazardan, biziň şeýle hereket etmegimiz şol täsirleri maksimum derejede güýçlendirmek üçin saýlanylyp alnan usul boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Assanj, siziň pikiriňizçe, näme üçin şular ýaly örän köp möhüm maglumat çeşmeleri öz maglumatlaryny belli media serişdelerine däl-de, hut siziň «WikiLeaks» saýtyňyza bermek isledilerkä?


Julian Assanj: Sebäbi biz spesialist. Biz ýörite maglumat çeşmelerini goramaklyga ýöriteleşen topar. Biz düýpli maglumatlary jemgyýetçilige ýetirmek üçin ýöriteleşen topar. Maglumatlaryň çeşmelerem howpsuzlyk we maglumatlary neşir edip ýaýratmak nukdaýnazaryndan biziň iň bir ygtabarly guramadygymyza düşünýärler.
XS
SM
MD
LG