Sepleriň elýeterliligi

Orsýet FSB-niň ygtyýarlyklaryny güýçlendirdi


FSB-niň ofiseri Mahaçkaladaky kazinoda, 17-nji aprel, 2010-njy ýyl.

FSB-niň ofiseri Mahaçkaladaky kazinoda, 17-nji aprel, 2010-njy ýyl.

29-njy iýulda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew FSB-niň, ýagny Federal howpsuzlyk gullugynyň ygtyýarlyklaryny giňeldýän täze kanuna gol çekdi.

Adam hukuklaryny goraýjylar täze kanunyň köpçülikleýin ýygnanyşyklar we metbugat azatlygy boýunça Sowet döwrüne mahsus çäklendirmeleriň girizilmegine ýol açmagyndan howatyrlanýarlar.

Orsýetiň prezidentiniň gol çeken kanuny Federal howpsuzlyk gullugynyň, hususan-da, jenaýatçylyk howpuny döretmekde güman edilýän raýatlara duýduryş bermek boýunça ygtyýarlyklaryny artdyrýar.

Orsýetiň parlamentinde üçünji sapar garalansoň, 19-njy iýulda kabul edilen bu gapma-garşylykly kanun ilkinji taslamanyň üýtgedilen görnüşidir.

Kanunyň ilkinji görnüşinde jenaýatçylykda güman edilýän şahslaryň Federal howpsuzlyk gullugyna çagyrylmagy we bu edaranyň öz işinde köpçülikleýin habar serişdelerini peýdalanmagy ýaly ygtyýarlyklar hem göz öňünde tutulypdy.

Emma gol çekilen kanunyň soňky görnüşi-de köp tankyt edilýär. Kreml bu kanunyň ekstremizme garşy göreşde ýardam berjegini aýdýar. Şeýle-de kanunyň adamlaryň bikanundygyna doly düşünmän, resmi bolmadyk protest çykyşlaryna gatnaşmak ýaly hereketlerden saklanmagy üçin duýduryş boljagyny öňe sürýär.

Emma adam hukuklaryny goraýjylar KGB-niň mirasdüşeri bolan Federal howpsuzlyk gullugynyň bu kanundan žurnalistleri we häkimiýetiň syýasy garşydaşlaryny gorkuzmak üçin peýdalanmagyndan howatyrlanýarlar.

Garşylar we goldaýanlar

Orsýetiň raýatlarynyň köpüsi bolsa täze kanundan habarsyz galýana meňzeýär. Köpçüligiň pikirini öwrenýän garaşsyz “Lewada merkeziniň” 18-22-nji iýulda geçiren öwrenmeleri, pikir soralyşygyna gatnaşanlaryň 67%-niň bu kanun barada asla hiç zat eşitmänligini görkezdi. Öz pikirini mälim eden raýatlaryň diňe 3% kanunyň üstünde dowam eden çekeleşiklere üns bilen syn edenligini aýtdylar.

“Lewada Merkeziniň” başlygy Lew Gudkow ors jemgyýetinde Federal howpsuzlyk gullugynyň garşysyna çykyş edýän we goldaýan raýatlaryň sanynyň deňdigini belledi.

Gudkowyň sözlerine görä, Federal howpsuzlyk gullugynyň işine pozitiw garaýyşlar köplenç sowatsyz gatlaklarda, garaşsyz habar beriş serişdeleri ýetmezçilik edýän we telewideniýe arkaly amala aşyrylýan döwlet propagandasyna garaşly bolan oba hem kiçi şäher ýerlerinde ýörgünli.

Federal howpsuzlyk gullugyna negatiw garaýyşlaryny mälim eden raýatlar bolsa öz pikrini, edaranyň köpçülikleýin repressiýalar, arassalaýyşlar, atuw jezalary we dissidentleri hem başga pikirli adamlary yzarlamagy ýaly hereketleri bilen delillendirýärler.

2000-nji ýylda Wladimir Putiniň Orsýetiň prezidenti saýlanmagy bilen häkimiýet başyna gelen Federal howpsuzlyk gullugy soňky ýyllarda özüni jemgyýeti terrorçylyk howpundan we yslam ekstremizminden goraýan edara hökmünde görkezmäge çalyşýar.
XS
SM
MD
LG