Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan boýunça maliýe serişdesi tassyklandy


27-nji iýulda ABŞ-nyň kanun çykaryjylary Yrakda we Owganystanda alnyp barylýan harby çäreleri maliýeleşdirmek boýunça pul serişdesini tassyklady.

33 milliard dollardan ybarat bu serişdäniň aglaba bölegi Owganystanda alnyp barylýan uruş hereketleri üçin sarp ediler, emma onuň bir böleginiň Yrakdaky çykdajylar üçin göz öňünde tutulanlygy-da aýdylýar.

Bu kararda aýdylşyna görä, agzalan serişdeden başga-da dört milliard dollar Owganystanda we Pakistanda alnyp barylmaly ynsanperwerlik işleri üçin harç ediler.

27-nji iýulda wekiller öýünde tassyklanan bu karardan ozal Kongres şu ýyl üçin Owganystany we Yragy göz öňünde tutup, 130 milliard dollarlyk programmany hem tassyklapdy.

Agzalýan maliýe serişdeleri hasaba alnanda, 2001-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň Yrakda we Owganystanda alyp barýan harby çäreleri boýunça eden çykdajysynyň bir trillion dollardan gowrak bolanlygy aýdylýar.

Kongresde Obamanyň Demokratik partiýasynyň köpçülikde bolmagyna garamazdan, bu programmany tassyklatmak Ak Tam üçin o diýen aňsat bolmady, hatda bu tagalla alty aý uzaga çekdi.

Täze ýolbaşçy

General Jeýms Mattis
Şeýle hem, ABŞ-nyň harbylarynyň täze ýolbaşçysy wezipesine teklip edilýän general Jeýms Mattis 27-nji iýulda Senatyň Harby gulluklar boýunça komitetiniň öňünde çykyş edip, Owganystan barada Obama we general Deýwid Petreusyň strategiýasyny goldaýanlygyny aýtdy.

Eger general Jeýms Mattisiň kandidaturasy tassyklansa, ol general Deýwid Petreusyň ornuny eýelär. General Petreus häzirki döwürde ABŞ-nyň Müsürden başlap, Ýakyn Gündogar, Günorta we Merkezi Aziýa boýunça alyp barýan harby işlerine we çärelerine ýolbaşçylyk edýär.

ABŞ-nyň Owganystandaky harbylarynyň oňki ýolbaşçysy general Stanleý MakKrystal “Rolling Stone” atly žurnala beren interwýusynda ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýdeni we beýleki ýokary derejeli wekilleri tankyt edipdi we ol munuň üçin wezipesinden çetleşdirilipdi.

General Deýwid Petreus wezipesinden çetleşdirilen general Stanleý MakKrystalyň ornuna Amerikanyň Owganystanda alyp barýan harby operasiýalarynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilipdi.

Ýeňiş gazanlylarmy?

Petreusyň ornuna teklip edilýän general Jeýms Mattis 27-nji iýulda Senatyň Harby gulluklar toparlar boýunça komitetiniň öňünde eden çykyşynda, Owganystanda alnyp barylýan harby çärelerde ýeňiş gazanmaklygyň mümkindigini aýtdy.

General Jeýms Mattis, eger-de şertler ýol berse, ABŞ-nyň harbylarynyň 2011-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, Owganystany terk edip başlajakdygyny aýtdy: “Men öz strategiýamyzy çalt amala aşyryp başlan halatymyzda Owganystanda ýeňiş gazanjakdygymyza ynanýaryn. Elbetde, bu missiýa aňsat däl”.

General Jeýms Mattisiň sözlerine görä Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystanda ýeňiş gazanmagy üçin halkara jemgyýetçiliginiň Waşingtona bolan goldawyny dowam etdirmegi-de möhüm.

General Mattis aýratynam gogalaňçy toparlaryň ikisiniň, ýagny talyplaryň “Kuetta Geňeşiniň”, hem-de Hakgany toparynyň ýolbaşçylarynyň terroristler diýlip yglan edilmegini özüniň goldaýanlygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG