Sepleriň elýeterliligi

Eýranly aklawçynyň maşgalasy “zamun” alyndy


Eýranly meşhur ýurist Mohammad Mostafaýy

Eýranly meşhur ýurist Mohammad Mostafaýy

Ýakynda eýranly meşhur ýurist Mohammad Mostafaýynyň aýaly we aýalynyň dogany tussag edildi. Bu wakany hukuk goraýjy aktiwistler Eýranyň häkimiýetleriniň “zamun alyjylyk syýasaty” diýip atlandyrdylar.

Daşlanyp öldürilmeli zenanyň aklawçysy bolan Mohammad Mostafaýynyň işi netijesinde halkara derejesinde ýiti reaksiýa döräp, şol zenanyň jezalandyrylmagy gaýra goýuldy.

“Öňki geçirilen soragdan soň şu gün meni ýene telefon arkaly prokuratura çagyrdylar. Bu gezek näme sebäpli meni çagyrýandyklaryny bilemok. Näme bolsa-da, men ol ýerik barmaly. Meniň tussag hem edilmegim gaty ähtimal” diýip, Mohammad Mostafaýy 23-nji iýulda öz internet blogunda ýazdy.

Bu ady belli aklawçynyň ýazan soňky maglumaty boldy. Onuň düşen ýagdaýyna belet kärdeşleri hem hukuk goraýjy aktiwistler Mohammad Mostafaýyny tussag etmäge rugsat edýän buýruk çykarylandan soň, aklawçynyň gizlenendigini çaklaýarlar.

Mostafaýyny tapyp bilmedik Eýranyň häkimiýetleri bolsa zamun hökmünde onuň aýalyny hem aýalynyň doganyny tussag edip, özüniň gelmegini talap edýärler diýip, tussag edilenleriň aklawçysy Hassan Agahani aýdýar.

Hassan Agahani öz müşderileniniň Mostafaýynyň iş edarasynyň golaýynda tussag edilendiklerini aýdýar. Tussag edilen Fereşteh Halimi bilen Farhad Haliminiň Tähranyň Ewin atly türmesinde saklanýandyklary habar berilýär. Mostafaýynyň ýedi ýaşly gyzjagazynyň bolsa mamasy bilen öýde galandygy aýdylýar.

Özüniň näme üçin prokuratura çagyrylýandygy barada aklawçy internet blogunda maglumat bermese-de, muňa Mostafaýynyň öz ýetginjek müşderileri üçin bank hasabyny açmagy sebäp bolandyr diýen çaklama bar.

Şol bank hasabynda toplanmaly serişdeler ýaş jenaýatçylary ölüm jezasyndan halas etmek üçin olaryň hereketinden ejir çekenleriň maşgala agzalaryna hun tölemäge ýygnalypdy.

Üns çekmegi başardy

Mostafaýynyň kärdeşleri bolsa onuň häkimiýetler tarapyndan yzarlanmagynyň aňyrsynda adamsyna biwepalykda aýyplanan Sakineh Mohammadi Aştianiniň aklawçysy bolandygynyň ýatandygyny aýdýarlar.

2006-nji ýylda bolan bu wakada Mostafaýy Aştiýaniniň işine köpçüligiň ünsüni çekmegi başardy. Ol Aşdiýaniniň iki çagasyna öz ejeleriniň ömrüni halas etmek ugrunda geçiren kampaniýalaryna ýardam berdi.

Sakineh Mohammadi Aştiýani
Iki çaganyň enesi bolan zenanyň daşlanyp öldürilmegi barada suduň çykaran karary halkara derejesinde garşylygyň ýüze çykmagyna getirdi. Dünýäniň birnäçe şäherinde bu ölüm jezasyna garşy demonstrasiýalar geçirildi. Şu aýda Eýranyň sudy bu ölüm jezasynyň ýerine ýetirilmegini gaýra goýdy, emma ony doly ýatyrmady.

Eýranyň döwlet telewideniýesinde 25-nji iýulda berlen gepleşiklerde Aştiýaniniň işiniň Eýran yslam respublikasyna garşy ulanylandygy aýdyldy. ABŞ-nyň hem Ysraýylyň telewizion kanallary Eýranyň adam hukuklaryny berjaý etmekde gaýtadan ejiz çykandygy barada dürli gepleşikleri berdiler diýip, Eýranyň telekanallarynda habar berildi.

Şadi Sandr eýranly zenanlarynyň hukugyny goramak meselesine öz ömrüni bagyş eden şahs. Bu işi üçin ol birnäçe aý mundan ozal öz dogduk mekanyny terk etmäge mejbur boldy.

Sandryň sözlerine görä, Mostafaýy adamsyna biwepalyk edeni üçin daşlap öldürilmeli edilen zenanyň işine halkara derejesinde ünsi çekdi. Hut şol sebäpdenem häkimiýetler indi aklawçynyň özüni yzarlaýarlar.

Şeýle hem ol Mostafaýynyň Eýran yslam respublikasynyň kanunlarynyň çäginde iş alyp barandygyny aýtdy. Aklawçynyň häzirki düşen ýagdaýy bolsa Eýranda hukuk goraýjy aktiwistlere görkezilýän basyşyň artýandygyna şaýaytlyk edýär.

Aklawçy Mostafaýynyň öz işine wepaly adamdygyny onuň kärdeşleri aýdýarlar. Geçen ýyl ol öz internet blogunda ýetginjek müşderileriniň biriniň dardan asylyp jezalandyrylandygyna şaýat bolandygyny ýazdy. 2009-njy ýylda ol öz alyp barýan işi üçin gysga wagtlap tussaglykda saklandy.

Zamun almak taktikasy

Nobel baýragynyň laureaty Şirin Ebadi Mostafaýynyň eden esasy “jenaýatynyň” onuň adam hukuklaryny goramagy bolup durýar diýýär: “Ol 18 ýaşa ýetmedik ýaşlaryň ölüm jezasyna höküm edilmegi bilen ylalaşman, kanunlara täzeden garalmalydygyny öňe sürýär, onuň günäsi diňe şondan ybatar”.

Häzir daşary ýurtda ýaşamaga mejbur bolan Şirin Ebadiniň özüniň-de doganynyň hem adamsynyň Eýranyň häkimiýetleri tarapyndan tussag edilendigi habar berildi.

Olaryň tussag edilmegine Şirin Ebadiniň hukuk goraýjy aktiwist hökmünde alyp barýan işleri, şeýle hem geçen ýylky demonstrasiýalaryň Eýranda basylyp ýatyrylmagyny açyk ýazgarmagy sebäp boldy diýilýär.

Şirin Ebadi Mostafaýynyň garyndaşlarynyň hem häkimiýetler tarapyndan zamuna alnandygyny açyk beýan etjekdigine, şol bir wagtda-da zamun alyjylaryň talaplaryna Mostafaýynyň boýun bolmajakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Hukuk goraýjy Şadi Sandryň sözlerine görä, eger-de Mostafaýy basyşlara çydaman, ejizlik edäýse, onda Eýranyň häkimiýetleriniň beýleki hukuk goraýjy aktiwistleriň garşysyna-da ýakyn hossarlaryny zamun almak taktikasyny ulanmagy dowam etdirmegi mümkin.
XS
SM
MD
LG