Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kameron aýdan sözüniň yzynda durmaga mejbur


Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron hepdäniň çarşenbe güni Hindistana sapary wagty Pakistanyň terrorizme gatnaşygy barada aýdan sözüniň yzynda durmaga mejbur.

Kameron şonda : “Terrorizmiň eksportyna ýardam etmäge Pakistana rugsat berilmeli däldir” diýipdi.

Muňa jogap hökmünde Päkistanyň Londondaky wekili Wajid Şamsul Hasan: “Terrorizme garşy göreşde Kameron Pakistanyň ägirt uly roluny äsgermezlik edýär” diýdi.

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri bu aýdylan pikire düýn Delide metbugat-konferensiýada eden çykyşynda şeýle jogap berdi: “Hiç kim, ozaly bilen Pakistan hökümetiniň özi ýurtda, mysal üçin, Laşkar-e-Taýba we beýleki terroristik guramalaryň bardygyna şübhelenmeýär, olar hökman ýok edilmeli” diýip, Kameron aýtdy.
XS
SM
MD
LG