Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýaly aýal sekiz çagasyny öldürendigini boýun aldy


Fransiýada 47 ýaşly Dominike Kotre sekiz çagasyny dünýä inen badyna öldürendigini boýun aldy.

Çarşenbe güni Fransiýanyň demirgazygyndaky Lilli şäheriniň eteginde ýerleşýän Willer-o-Terter obasynda iki öý dökülenden soň är-aýal Kotreler saklandy.

Kotreniň öýüni satyn alan täze hojaýyn bagda polietilene dolanan iki sany çaga jesediniň galyndysyny tapansoň, polisiýa arz etdi.

Öz çagalarynyň jellady bolan aýalyň adamysy azatlyga goýberildi.

Aýaly äriniň bu işden düýbünden habarsyzdygyny aýdansoň, prokuratura şeýle karara geldi.

Fransiýanyň prokurory Erik Waýan düýn bolan metbugat-konferensiýada şeýle diýdi: “Kotre başaga çaga edinmek islemändigini, lukmanlardan göwreli bolmazlygyň ýollary barada konsultasiýa almak islemändigini aýtdy”.
XS
SM
MD
LG