Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina aljak kreditini ulanmagy planlaşdyrýar


Ukraina şu ýyl býujetdäki ýetmezçiligi ýapmak üçin Halkara walýuta fondunyň berjek kreditini bir bölegini peýdalanmakçy.

Şu maksat üçin iki milliard dollar goýberler, 13 milliard dollar bolsa Merkezi bankyň ätiýaçlygyny doldurmaga berler.

Karz pul baradaky şertnama täze ukrain hökümeti bilen gutarnykly ylalaşylandan soň Ukraina kredit beriljekdigini Halkara walýuta fondy yglan etdi.

Ukrainanyň kärdeşler arkalaşyklary kredit berilmeginiň şerti bolan gazyň bahasynyň birden galmagy sosial tolgunyşyklar we agyzdyryklap bolmajak inflýasiýa döretjekdigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG