Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa sudy Orsýete öz graždany üçin 105 müň ýewro töleder


Adam hukuklary boýunça Ýewropa sudy: “Milisiýa tarapyndan gynalan Orsýetiň graždany Oleg Kopylowa Orsýet 105 müň ýewro kompensasiýa tölemeli” diýen karar çykardy.

Strasburg sudunyň saýtynda habar berlişine görä, milisiýa işgärini öldürmekde güman edilip, Kopylow 2001-nji ýylyň ýanwarynda Lipeskide saklanypdyr.

Yzygiderli rehimsizlik bilen urulmalaryň hem gynamalaryň netijesinde ol etmedik jenaýatyny boýun alypdyr.

Şol ýylyň maý aýynda jenaýatyň başga adamlar tarapyndan edilendigi anyklanandan soň, onuň garşysyna iş ýatyrylypdyr. Kopylowyň saglygyna düzedip bolmajak zeper ýetipdir.

2008-nji ýylda Orsýetiň sudy 10 milisiýa işgärini günäli tapdy, olara dürli jeza berdi. Kopylowa 450 müň rubl tölendi.

Ýewropa sudy Orsýetiň geçiren derňewini netijesiz, tölenen puly ýeterlik däl hasap etdi.
XS
SM
MD
LG