Sepleriň elýeterliligi

Moskwada uçary eýelejek bolan adam ele salyndy


Moskwanyň “Domodedowa” aeroportunda ýolagçy uçary basyp almaga synanyşyk bilen bagly jenaýat işi gozgaldy.

Düýn Minwoddan uçup, Moskwa gelen uçary näbelli adam eýelemäge synanyşdy. Ol Orsýetiň premýer-ministri bilen özüni gepleşdirmeklerini talap etdi. Uçarda 105 adam bardy.

Gepleşikleriň gidişinde bir adam özüni erbet duýansoň, ýörite gulluklaryň işgärleri lukmanlar hökmünde uçara girip, näbelli hüjümçini ele saldy.
XS
SM
MD
LG