Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti öz ýurdunyň demokratik ösüş ýoluna düşendigini aýdýar. Emma, muňa garamazdan, ýurtda erkin pikirli adamlaryň yzarlanýandygy hakda barha köp maglumat gelip gowuşýar.

Ýaňy-ýakynda Özbegistanyň adam hukuklaryny goraýjy “Nažot” guramasy Türkmenistanda ynamsyz hasap edilýän adamlaryň has giňeldilen täze “gara sanawynyň” tassyklanandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Bişkekdäki habarçysy Maýsa Baba gyzy bu barada “Nažot” guramasynyň başlygy Haýytbaý Ýakubow bilen interwýu geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Siz ýakynda ýaýradan maglumatlaryňyzy haýsy çeşmelere salgylanyp ýaýratdyňyz?

Haýytbaý Ýakubow: Men bu maglumatlary Türkmenistanyň içinde we daşynda özüm bilen bile işleşýän adamlardan aldym. Şol çeşmeleriň berýän habarlary esasynda-da bu maglumaty ýazdym.

Azatlyk Radiosy: Siz şol maglumatlar näderejede ygtybarly diýip, pikir edýärsiňiz?

Haýytbaý Ýakubow: Men bu maglumaty beren adamlara we olaryň getirýän faktlaryna doly ynanýaryn.

Azatlyk Radiosy: Onda gara sanawyň iki bölümden durýandygy aýdylýar. Şolar barada anygrak gürrüň beräýseňiz?


Haýytbaý Ýakubow: Bu maglumatlar üç bölekden ybarat. Birinjisi, özleri Türkmenistanyň graždany bolup, ýurtdan çykmagy gadagan edilenler. Olaryň sany 37,057 adam. Bularyň arasynda hakimiýetlerde, döwlet edaralarynda işleýän adamlar we ýörite gullugyň sanawynda duran şahslar bar.

Ikinjisi, Türkmenistana girmegi gadagan edilen adamlar. Bular esasan syýasatçylar, halkara guramalaryň wekilleri, žurnalistler, ýörite gulluklaryň wekilleri, emma olaryň sany berilmändir.

Üçünjisi, jenaýata ýüz uran adamlar. Olaryň sanawyny hem berdik.

Azatlyk Radiosy: Sanawda haýsy halkara guramalaryň wekilleri we çet ýurtly žurnalistler bar?

Haýytbaý Ýakubow: Halkara guramalar we olaryň wekilleri boýunça sanawda “Amnesty International”, ”Soros” we “Memorial”, ”Serhetsiz lukmanlar” ýaly jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar. Meselem, 8-nji ýerde, bosgunlykda döredilen ”Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatulliniň, 11-nji ýerde orsýetli adam hukuklaryny goraýjy Witaliý Panomarýowyň ady bar.

Azatlyk Radiosy: Daşary ýurt žurnalistleriniň familiýalary-da barmy?


Haýytbaý Ýakubow: Maňa gelip gowşan sanawda adamlaryň ady we familiýasy doly berilmändir. Biziň adamymyzyň eline düşen diňe şol sanaw we onda sanlyja adamyň ady görkezilen. Sanawda Türkmenistana girmegi gadagan edilen daşary ýurt graždanlary-da bar. Olaryň haýsy döwletden hem näçe adamdygyny biz maglumatda görkezdik.

Azatlyk Radiosy: Şeýle maglumatlary ýaýratmak bilen öňde goýan maksadyňyz näme?

Haýytbaý Ýakubow: Türkmenistan indi demokratik ösüş ýoluna düşen döwlet. Elbetde, men Türkmenistana we onuň kanunlaryna hormat goýýaryn. Emma näme üçindir bu döwlet henizem ýapyklygyna galýar. Ýurtdan maglumat almak kyn.

Men öň Türkmenistanda adamlaryň yzarlanyşy barada habar ýaýradypdym. Häzir şol maglumatyň hakykatlygy hasam beter ýüze çykdy. Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň içinde aýratyn ýapyk bir döwlet. Bu döwlet hem biraz açylsa we adamlaryň ýurda girip-çykmagy ýeňilleşdirilse, hemme üçin gowy bolardy.

Azatlyk Radiosy: Siziň beren maglumatyňyzda “gara sanawa” girizilen özbegistanlylaryň sany hem köp eken. Olary kimlerdir öýdýärsiňiz?

Haýytbaý Ýakubow: Men hem şoňa geň galdym. Sanawda Özbegistandan Türkmenistana girmegi gadagan edilen 2814 adam bar. Meniň pikirimçe, olar Türkmenistanda jenaýat jogapkarçiligine çekilen adamlar bolmaly. Şeýle-de, garaşsyzlyga çykylyp, araçäkler belgilenende, Özbegistanyň territoriýasynda galan türkmenistanlylar bolsa gerek. Olarda hiç hili dokument, hatda pasport-da ýok. Şolar hem sanawa girizilen bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Siziň ýaýradan bu maglumatlaryňyza türkmen häkimiýetlerinden reaksiýa boldumy?


Haýytbaý Ýakubow: Ýok, maňa türkmen tarapyndan hiç kim jaň etmedi. Bu maglumat bilen gyzyklanyp, Gazagystandan we beýleki döwletlerden jaň etdiler. Emma Turkmenistandan jaň eden ýok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG