Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanly resmiler Kamerona “gaharly”


Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Hindistana sapar edýär, 29-njy iýul, 2010-njy ýyl.
Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Hindistana sapar edýär, 29-njy iýul, 2010-njy ýyl.

Pakistanly resmiler Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameronyň Hindistanda öňe süren pikirlerine gaty gaharlydyklaryny aýdýarlar.

Kameron 28-nji iýulda Hindistanyň Banglor şäherinde eden çykyşynda Pakistany ikiýüzli sýyasat alyp barmakda aýyplap, “Yslamabad bir tarapdan-a terrory eksport edýär, beýleki tarapdan hem demokratik döwlet hökmünde özüne hormat goýulmagyny isleýär” diýdi.

“Biz güýçli we demokratik Pakistany görmek isleýäris. Emma biz bu ýurduň iki ugurly sýyasat alyp barmagyna rugsat edip bilmeris. Ýagny, Hindistana, Owganystana ýa dünýäniň islendik ýurduna terroryň eksport edilmegini Pakistanyň goldamagyna rugsat edip bilmeris” diýip, Kameron belledi.

Hindistan bilen Britaniýanyň gatnaşygyny artdyrmagy maksat edinýän bu saparynyň dowamynda Kameron Pakistanda ýerleşýänligi aýdylýan ençeme gozgalaňçy toparlaryň adyny hem agzady. Hindistan şol toparlaryň Pakistan tarapyndan mäliýeleşdirilýändigini aýdýar.

Kameronyň agzanlarynyň arasynda talyplar, Hakgany topary hem “Leşker-i-taýyba” bar. Kameron şeýle diýýär: “Meniň öz çykyşymda hem aýdyşym ýaly, terrory goldaýan islendik gurama bilen gatnaşykda bolmaklyk dogry ädim däl. Demokratik hem-de ösen dünýäniň bir bölegi bolmak isleýän ýurtlar beýle hereketlere baş goşmaly däldir. Bu mesele hakda ABŞ bilen Britaniýanyň Pakistana edýän yşaraty gaty anyk”.

Pakistanyň reaksiýasy

Kameronyň bu pikirine pakistanly ýolbaşçylar berk reaksiýa bildirdiler. Pakistanyň Britaniýadaky ilçisi Wajid Şams-ul-Hasanyň Britaniýanyň “The Guradian” gazetinde çap edilen kommentariýasynda aýtmagyna görä, Kameron regionda parahatçylygyň ornaşdyrylmagyna garşy uly zarba urdy.

Hasan Kamerony “WikiLeaks.org” atly internet saýtynda çap edilen we Owganystana degişli gizlin harby maglumatlary ýaýradan hasabatlarda öňe sürlen zatlara ynanýar diýip tankytlady. Şol raportlarda bolsa Pakistanyň aňtaw gulluklary Owganystandaky hüjümleri gurnamakda gozgalaňçy toparlara ýardam bermekde aýyplanýar.

Hasanyň sözlerine görä, 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabaryndan soň terrorçylyga garşy alnyp barylýan halkara göreşinde Pakistanyň oýnaýan rolundan we bu ugurdaky pidalaryndan Kameron üçin haýsydyr bir assyryn syzdyrylan razwedka maglumatlary has ygtybarly bolup görünýär.

Kameron 29-njy iýulda eden çykyşynda öňküsi gün Pakistan barada orta atan pikirinden yza çekilmejegini we özüniň “bu meseleler barada pikirini aç-açan beýän etmek boýunça iň gowy usuly saýlap alanlygyny belledi.

Kameron Pakistanyň terroristik guramalary basyp ýatyrmak boýunça halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygyny artdyrmagynyň zerurdygyny belläp, “Şol toparlar Pakistanyň içinde we daşynda henizem hereket etmegini dowam etdirýärler” diýdi.

Karzaý hem goşuldy

Şol bir wagtyň özünde-de Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý hem 29-nji iýulda eden çykyşynda Britaniýa bilen Pakistanyň arasynda dowam edýän diplomatik jedellere goşuldy.

Owgan prezidenti Hamid Karzaý Kabuldaky metbugat konferensiýasynda, 29-njy iýul.
Karzaý: “Pakistaniň ISI atly aňtaw gullugy bilen talyplaryň gatnaşygy barada ençeme maglumatyň ýüze çykmagyna garamazdan, NATO-nyň gozgalaňçylaryň merkezlerine we olary maliýeleşdirýän çeşmelere hem-de Pakistandaky türgenlenşik lagerlerine name üçin hüjüm etmeýär?” diýip, sorag berdi.

H.Karzaý: “Owganystanyň bu problema çynlakaý çemeleşmäge güýji barmy ýa ýok, bu başga mesele. Bu biziň milli başarnygymyz bilen bagly bir sorag. Biz gurbumyzyň ýetdiginden bu meselelere duşuşyklar we beýleki çäreler arkaly çemeleşmäge synanyşýarys. Emma biziň ýaranlarymyzyň gozgalaňçylaryň merkezlerine hüjüm etmäge güýji bar. Netijede döreýän sorag: bilýän bolsalar, onda näme üçin bu ugurda herekete geçmeýärler?” diýip, anyk sorag goýýar.

Karzaý žurnalistlere beren interwýusynda öz kabinetiniň ministrlerine “Wikileaks.org” websaýtynda çap edilen şol raporty, esasanam onuň Pakistana degişli hem-de Owganystanda parahat ýaşaýjylaryň ölüm-ýitimi baradaky bölegini öwrenmegi tabşyranlygyny aýtdy.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Abdyl Basyt bolsa şol raportda “Owganystanly informatorlar tarapyndan Pakistan barada orta atylan pikirleri anyklamagyň mümkin däldigini, olaryň köne hem-de Kabulyň bähbitlerine hyzmat edýän äheňdedigini” belledi.
XS
SM
MD
LG