Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetdäki ýangynda 25 adam heläk boldy


Russian Heat Wave Fans Fires
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:07 0:00

Orsýetiň Woronež şäheriniň etegindäki tokaýda ýüze çykan ýangynda 25 adam heläk bolup, müňlerçe adam öýlerini terk etmäge mejbur boldy.

Orsýetiň merkezi regionynda ýüze çykan şol ýangynda heläk bolanlaryň arasyna ýangyn söndürijileri hem bar.

Prezident Dmitriý Medwedew ýangyn bilen göreşmek üçin esgerleri regiona ibermäge Goranmak ministrligine buýruk berdi.

Ýangynyň gurşap alan meýdany 866 kw.km. Bu bolsa tas Germaniýanyň paýtagty Berlin şäheriniň tutýan meýdanynyna deň.

Anna güni Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin ýerli ýolbaşçylar bilen duşuşmak üçin Orsýetiň Nižni Nowgorod regionyna sapar etdi.

Orsýetiň şol regionynda ýüze çykan ýangyn zerarly 540-dan gowrak ýaşaýyş jaýynyň ot alandygy habar berilýär.

Putin tutuşlygyna weýran bolan Werhnýaýa Wereýa obasyna baryp, bu ýeriň ilaty üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň guruljakdygyna wada berdi.

“Biz regiona pul ibereris, ýolbaşçylar obanyň ilaty üçin ýaşaýş jaýlaryny gurjak kompaniýany saýlar. Bu öýler gyşdan öň eýelerine tabşyrylar” diýip, Putin şol ýerde aýtdy.

Nižni Nowgorod regionynda ýerleşýän Werhnýaýa Wereýa obasynyň 500-e golaý ýaşaýjysy bar. Putin adam başyna 6,600 ABŞ dollaryna barabar kompensasiýanyň tölenjekdigini mälim etdi.

Häzir Orsýetiň käbir regionlarynda howa juda yssy. Penşenbe güni paýtagt Moskwada howanyň gyzgynlygy 130 ýyldan soň ilkinji gezek 38 gradusdan geçdi.
XS
SM
MD
LG