Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň adam hukuklary resmisi wezipesinden çekildi


Anna güni Orsýetiň prezidentiniň adam hukuklary boýunça geňeşçisi garaşylmadyk ýagdaýda öz wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Prezidentiň ýanyndaky Adam hukuklary we graždan jemgyýetçiliginiň ösüşi boýunça geňeşiň ýolbaşçysy Ella Pamfilowa bu kararynyň sebäbini häzirlikçe aýan etmejekdigini aýtdy.

Pamfilowa Orsýetiň Interfax habarlar gullugyna beren interwýusynda wezipesinden çekilmeginiň şahsy kararydygyny, bu ädimi ätmek üçin özüniň mejbur edilmänligini aýtdy.

Onuň wezipesinden çekilmek baradaky bu ädimi Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedewiň ýurduň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) ygtyýarlyklaryny giňeltmek baradaky permana gol goýmagynyň ýzýanyna gabat geldi.

Käbir synçylaryň aýtmagyna görä, bu karar Orsýetde Sowet döwürindäki ýagdaýy gaýtadan emele getirer.
XS
SM
MD
LG