Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan “partizan çaknyşyklaryň” bosagasynda


Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa anna güni Oşda eden çykyşynda Gyrgyzystandaky ýagdaýlaryň agyrdygyny we ýurtda kanunyň üstünligini ornaşdyrmak üçin halkara howpsuzlyk güýçleriniň ýardamyna zerurlygyň bardygyny aýtdy.

Otunbaýewa ÝHHG-niň howpsuzlyk güýçleriniň Oşa iberilmegi barada Bişkek bilen gelnen ylalaşyga garşy çykýan aktiwistlere ýüzlenip eden çykyşynda Gyrgyzystanyň ikinji Çeçenistan bolmak töwekelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup duranlygyny aýtdy.

“Meniň pikirimçe, Gyrgyzystan bu krizisden nähilidir bir ýol tapyp çykmaly. Eger biz bu krizisden çykalga tapmasak, onda biri-birimiz bilen çaknyşarys. Şunlukda, Gyrgyzystan Çeçenistana öwrüler. Biz häzirki döwürde “partizan çaknyşyklardan” diňe bir ädim uzakda” diýip, Otunbaýewa nygtady.

Otunbaýewanyň bu sapary Oşuň şäher geňeşi tarapyndan tassyklanan rezolýusiýanyň yzýanyna gabat geldi. Şol kararda ÝHHG-niň Oşa harby ibermegi barada Bişkek bilen gelnen ylalaşyga garşy çykylýar.

Oşda we Gyrgyzystanyň günortasynda ýerleşýän beýleki etraplarda iýun aýynda bolan etnigara çaknyşyklarda azyndan 300 adamyň heläk bolanlygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG