Sepleriň elýeterliligi

Saudlaryň, Siriýanyň we Liwanyň liderleri duşuşdy


Saud Arabystanyň patyşasy Abdullah bin Abdyl Aziz bilen Siriýanyň prezidenti Başer al-Assad Beýrutdaky halkara aeroportda, 30-njy iýul, 2010-njy ýyl.

Saud Arabystanyň patyşasy Abdullah bin Abdyl Aziz bilen Siriýanyň prezidenti Başer al-Assad Beýrutdaky halkara aeroportda, 30-njy iýul, 2010-njy ýyl.

30-njy iýulda Liwanyň paýtagty Beýrutda Liwanyň, Saud Arabystanyň we Siriýanyň döwlet liderleriniň gatnaşmagynda bir günlük Sammit geçirildi.

Bu Sammit 2005-nji ýylda Liwanyň ozalky premýer-ministri Rafik Haririniň öldürilmeginde Liwandaky Hizbulla toparynyň agzalarynyň eliniň bar bolmagynyň mümkindigi bilen bagly soňky peýda bolan maglumatlaryň fonunda gurnaldy.

Bu maslahatda käbir beýleki regional meseleler bilen birlikde, şu gürrüňi edilýän meseläniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygy habar berilýär.

Anna güni bu maslahata gatnaşmak üçin Saud Arabystanyň patyşasy Abdullah bin Abdyl Aziz bilen Siriýanyň prezidenti Başer al-Assad bilelikde Siriýanyň paýtagtyndan Liwanyň paýtagtyna bardylar. Olary Liwanyň prezident köşgünde bu ýurduň prezidenti Mişel Suleýman kabul etdi.

Haririniň ölümi

Soňky günler käbir halkara ekspertleri Liwanyň ozalky premýer-ministri Rafik Haririniň ölüminde Liwandaky Hizbulla toparynyň agzalarynyň eliniň barlygynyň güman edilýändigi barada çykyş etdiler.

Beýleki tarapdan, 2005-nji ýylda amala aşyrylan bu kast edişlik boýunça iş alyp barýan halkara sudy bu barada şaýy radikal topary bolan Hizbulla toparyna resmi aýyplama bildiren halatynda, bu ýagdaý Liwandaky şaýy toparlary bilen sünni toparlarynyň arasynda garpyşyklaryň ýüze çykmagyna getirmegi mümkin diýen gorky hem peýda boldy.

Sünni mezhebinden bolan Rafik Hariri öz döwründe Saud Arabystan bilen ýakyn hoşniýetli hyzmatdaşlyklar alyp barypdy. Onuň janyna kast edilmeginiň yzy bilen köp adamlar şol bomba partlamasynda dessine Siriýany aýyplap çykyş etdiler. Ýöne Siriýanyň hökümeti bu wakada öz eliniň barlygyny şu günki güne çenli ret edip gelýär.

Bu kast edişlik bilen bagly derňew alyp barýan Birleşen Milletler Guramasynyň derňew topary başda bu wakada hakykatdanam Siriýanyň eliniň bardygyny görkezýän alamatlaryň bardygyny öňe sürüpdi.

Munuň hem üstesine, ýakynda Siriýa tarapyndan goldanylýan radikal Hizbulla toparynyň lideri Saed Hassan Nasrallah Birleşen Milletler Guramasynyň halkara sudunyň bu kast edişlikde Hizbulla toparynyň birnäçe agzasyna jenaýat aýyplamasyny bildirmeginiň mümkindigini aýdyp, çykyş etdi.

Töwekgelçilik bar

Käbir analitikler BMG-niň halkara sudunyň şaýy radikal toparyna garşy resmi ýagdaýda şeýle aýyplama bildiren halatynda, bu ýagdaýyň Liwanyň hökümetiniň öz içinde bölünişiklikleri we bulaşyklyklary döretmeginiň mümkindigini aýdýarlar.

Häzirki wagt Rafik Haririniň ogly Saad Hariri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Liwanyň hökümetinde Hizbulla toparyndan hem birnäçe ministr bar.

Saad Hariri hem başda öz kakasynyň ölüminde Siriýany aýyplap çykyş edipdi. Ýöne soňky wagtlar ol öz tankytlaryny gowşadyp, Siriýanyň hökumeti bilen belli bir derejede ýumşak gatnaşyklary ýola goýdy. Ol özüniň bu wezipesinde dört gezek Siriýanyň paýtagty Damaska sapar etdi.

Ýöne regionyň liderleri bu gowulaşýan gatnaşyklaryň indi Hizbulla toparyna resmi aýyplama bildirilen halatynda düýpli ýaramazlaşmagynyň mümkindiginden alada edýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG