Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda hökümet maslahaty geçirildi


Anna güni Aşgabatda geçirilen nobatdaky hökümet maslahatynda ýurduň syýasy we jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm meseleler barada maslahat edildi.

Hususan-da, onda wise-premýerler we käbir beýleki pudak ýolbaşçylary öz dolandyrýan pudaklaryndaky işleriň ýagdaýlary barada prezident Berdimuhamedowa hasabat berdiler.

Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda ýakynda türkmen delegasiýasynyň Eýrana eden iş saparynyň jemleri, şeýle hem Orsýetiň Tatarystan respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanowyň 1-2-nji awgust günleri Türkmenistana etjek saparyna görülýän taýýarlyklar barada çykyş etdi.

Wise-premýer T.Japarow öz çykyşynda Türkmenistanyň Býujet Kodeksiniň proýektini taýýarlamak barada prezidentiň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ol öz çykyşynda bu Býujet Kodeksiniň halkara kosultantlarynyň gatnaşmagynda taýýarlanandygyny aýtdy.

Maslahatda degişli ýolbaşçylar pagta ýygym kompaniýasyna we galla ekişine görülýän taýýarlyklar barada-da hasabat bilen çykyş etdiler.
XS
SM
MD
LG