Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde 238 müň ýangyn söndüriji aýak üstünde


Şu gün Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi ýurduň merkezi regionlaryndan 14-sinde 238 müň ýangyn söndürijiniň tokaý ýangynlaryna garşy göreş alyp barýandyklaryny habar berdi.

Ministrligiň resmileri ýurduň merkezi regionlarynda giň gerim alan ýangynlary söndürmek işlerine 226 sany uçaryň we harby esgerlerden hem müňlerçesiniň gatnaşýandyklaryny mälim etdiler.

Ýurduň habar serişdeleri tokaý ýangynlary sebäpli birnäçe obalaryň bölekleýin ýanandygyny habar berýärler. Orsýetiň merkezi regionlarynda dowam edýän bu ýangynlarda ölen adamlaryň sanynyň 31-e ýetendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG