Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky sil heläkçiliginde 800 töweregi adam öldi


Şu gün Pakistanyň hökümet resmileri ýurduň demirgazygynda ýüz beren güýçli sil heläkçiliginde 800 töweregi adamyň ölendigini mälim etdiler.

Resmiler ýene azyndan 150 töweregi adamyň dereksiz ýiten diýlip hasaplanylýandygyny aýdýarlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýerli bölümleriniň resmileri häzirki ýüze çykan sil heläkçiliginiň Pakistanyň demirgazygynda 1 million töweregi adamyň ýaşaýan ýerine zyýan ýetirendigini tassyklaýarlar.

Ýurduň halas ediş toparlary we harby güýçleri sil howpy abanýan adamlary halas etmek we göçürmek boýunça giň gerimde iş alyp barýarlar.
XS
SM
MD
LG