Sepleriň elýeterliligi

Gysga setirler


Çülide, iýul, 2010-njy ýyl.

Çülide, iýul, 2010-njy ýyl.

Şiraly Nurmyrat
Kemakyly oýnap bolýar, öýkelegiň üstünden gülüp bolýar, gorkagy köşeşdirip bolýar, batyry keseki bir ýurda urşa iberip bolýar, ynsabyňy tüweleý äkiden bolsa, wyždanyňy sil aparan bolsa, bürgüdi hem tüpeňläp bolýar. Ýone buýsançly kişä degmeli däldir, özüne buýsanýana hiç zat edip bolmaz. Buýsançly adama diňe buýsanyp bolýandyr.

Söýgi bir kör bije, utuş bary-ýogy bir gezek paýyňa düşýär. Şonda-da özüňe ýokary baha kesip, tumşugyňy göge tutsaň, tirsegiňi dişlejek bolup azara galyp oturma. Ýumruk salgap kowlan soýgini ýer ýumruklabam yzyna gaýtaryp bolýan däldir.

Günä diýlen nägehany biziň özümiz gazanýas. Soňra-da kimden ötünç sorajagymyzy bilmän, Ýokarkydan haraý gözleýäs. Olam: «Kimiň önünde günä gazanan bolsanyz, şondanam ötünç soraň» diýip, beýlesine öwrülip oturyberýär.

Ýeke galsak iňňildimiz ýatanok, üýşürseler el çarpyşyp otyrys. Başga birini beýgeltjek bolup özüni kiçeldip ýörenem gyt däl. Indi diňe ykbaldan nalyş edip, öz üstümizden güläýmek, üstesine-de bizden elini ýuwan Taňryny öz gününe goýaýmak galdy.

Bäbek üçin niýetlenen kiçijek arabada (ruslar oňa «kolýaska» diýýär) bir aýal kartoşka alyp barýar, beýleki biri boş çüýşeden dolduryp barýar. Dünýe nirä barýar – ony hiç kim bilenok.

Käbir adam ýurtdan çykyp gaýdýar – millet arassalanan ýaly bolýar, käbir kişi Watany terk ädýär – millet yzynda aglap galýar.

Adam başarsa ähli zatda birinji boljak, pellehana hemişe özgelerden önürti geljek. Ýalta kişi bolsun, çus adam bolsun – pellehana her kim özüçe howlugýar, her kimem bir hili ýetýär. Adam diňe bir pellehana howluganok. Çünki o taýyk ugradýan kän, aňyrda garşylaýan ýok.

Iki ýana urnup, dyňzap duran duýgulary bogma, goýber olary kalbyňdan. Goý, joşsun, goý, çogsun! Ot alan atýatakda çapalanýan atlary göz önüne getirip gör...

Dana kişä kemakyl diýseň, ol gaýdyp saňa görünmez, emma samsyga akylly diýseň welin, ony yzyňdan galdyryp bilmersiň.

Adamyň gylyk-häsietini bilesiň gelse; bir-ä oturgyçda, birem kürsüde oturdyp gör. Hiç zat sorajagam bolma, çünki oturgyçda otyrka ähli sowalyňa jogap berer, kürsä geçende, ol senden sorap başlar.

Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy.
XS
SM
MD
LG