Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Berdimuhamedow “Iteranyň” prezidentini kabul etdi


Düýn prezident G.Berdimuhamedow “Itera” kompaniýasynyň prezidenti Igor Makarowy kabul etdi. Olar ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gürrüň etdiler.

Makarow Balkan we Lebap welaýatlarynda amala aşyrylýan sosial hem senagat gurluşyklary barada prezidente maglumat berdi diýip, türkmen metbugaty ýazdy.
XS
SM
MD
LG