Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçen gozgalaňçylarynyň lideri ygtyýarlygyndan el çekdi


Çeçen gozgalaňçylarynyň lideri Doky Umarowyň öz ygtyýarlygyndan el çekendigini ýekşenbe güni “Kawkaz sentr” atly internet sahypasy ýazdy.

Onuň maglumatyna görä, özüni Doby Aby Osman diýip atlandyran Doky Umarow öz ýerine iki Çeçen söweşine gatnaşan belli komandir Hattabyň harby bileleşiginiň agzasy bolan Aslambek Wadalowy belledi.

Özüni “Kawkaz Emirlikleriniň emiri” diýip yglan eden D.Umarow Orsýetdäki birnäçe terrorçylykly hüjümiň jogapkärçiligini boýun aldy. Olaryň arasynda Moskwanyň metrosynda bolan hüjüm hem bar.

Soňky ýyllarda Umarowyň ölendigi ýa-da ýaralanandygy barada tassyklanmadyk maglumatlar ýaýrady.

Doky Umarow ABŞ-nyň halkara terroristler baradaky sanawyna hem goşuldy.

Şeýle hem düýn Çeçenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýaýradan maglumatynda irden geçirilen howpsuzlyk operasiýasynda 2 milisiýanyň ölendigi aýdyldy.

Näbelli adamlar Groznynyň Gorodskoý etrabynyň Çernoreçýe obasynyň ýakynynda 2 sany milisiýa işgärine hüjüm etdi.

Şol adamlar gözlenýär we olaryň Groznynyň ýakynyndaky tokaýda gizlenýändigine ynanylýar.

Başga bir wakada düýn irden Dagystanda milisiýanyň ýokary derejeli derňewçisi öz öýünde atylyp öldürildi.
XS
SM
MD
LG