Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Ýewraziýa energiýasy boýunça wekili Aşgabatda


ABŞ-nyň Ýewraziýa sebitiniň energetika meseleleri boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar Türkmenistana sapar edýär. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Ilçi Riçard Morningstaryň Türkmenistana sapary 1-nji awgustda başlady we bu sapar 4-nji awgustda tamamlanar.

ABŞ-nyň ýokary derejeli wekili ilçi Riçard Morningstar türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşar.

Şeýle hem, ol türkmen hökümetiniň wekilleri bilen energetika meseleleri boýunça ýokary derejedäki duşuşyklary geçirer.

Merkezi Aziýa regionyndaky energiýa çeşmeleriniň üpjünçilik ýollarynyň diwersifikasiýasyny ýokarlandyrmak ABŞ-nyň bu region boýunça alyp barýan syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.
XS
SM
MD
LG