Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da Eýrana garşy harby operasiýanyň plany bar


Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmak perspektiwasy we bu ýurduň garşysyna güýç ulanyjy operasiýanyň mümkinligi ABŞ-da harby ýolbaşçylary uly alada goýýar.

Bu barasynda NBC telekanalyna beren interwýusynda ABŞ-nyň ýaragly güýçleriniň ştablar başlyklarynyň birleşen komitetiniň başlygy admiral Maýk Mallen aýtdy we “Eýrana garşy ABŞ-nyň harby hereketleriniň plany bar” diýdi.

Başky iki wariantyň haýsynyň has uly alada döredýändigini Mallen anyklamady. Admiralyň sözlerine görä, harby hereketleriň plany stoluň üstünde dur, indi saýlamak gezegi ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamadan.

“Harby operasiýanyň mümkinçilikleri öwrenildi we öwrenilýär, wakalaryň şeýle ösüşi prezidentiň habarly edilen wariantlarynyň biri. Men ýene bir gezek gaýtalaýaryn: şol planyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna gezek ýetmez, şoňa umyt baglaýaryn. Ýöne şol plan bar, şuňa düşünmek gerek” diýip, admiral Mallen aýtdy.
XS
SM
MD
LG