Sepleriň elýeterliligi

Pakistan Britaniýadan düşündiriş talap edýär


Britaniýanyň Yslamabatdaky ilçisi şu gün Pakistanyň DIM-ne çagyryldy.

Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edarasynda aýtmaklaryna görä, ýakynda Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameronyň “Terrorizmi eksport etmäge Pakistana ýol berilmeli däldir” diýen sözlerine Pakistanyň häkimiýetleri düşündiriş talap edýär.

Pakistanda käbir adamlar ýurduň prezidenti Asif Ali Zardariniň Londona saparyny ýatyrmaga aýak direýär. Sapar ertir başlanmaly.

Mundan öň Pakistanyň razwedka gullugynyň işgärleri Beýik Britaniýa gitmekden ýüz öwürdiler.

Kameronyň beýannamasy ABŞ-nyň komandowaniýesiniň gizlin dokumentleri internetde çap edilensoň peýda boldy.

Şol dokumentlerde, hususan-da, Pakistanyň ýörite gulluklary bilen owgan söweşijileriniň arasyndaky gatnaşyklar barada aýdylýar.
XS
SM
MD
LG