Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýranda 17 syýasy tussag açlyk çekmegi dowam etdirýär


Geçen hepdeden bäri Eýranda 17 syýasy tussag açlyk çekmegi dowam etdirýär. Olaryň bäşisi keselhana ýerleşdirild diýip, Eýranyň oppozision saýtlarynyň biri şu gün habar berdi.

Şol maglumata görä, türmäniň çekip-çydap bolmajak ýaramaz şertlerine protest bildirýänleriň arasynda belli žurnalistler we student aktiwistler bar.

Olaryň ählisi Eýranda geçen ýylky prezident saýlawlarynyň yglan edilen netijelerine protest bildirip, hökümete garşy aksiýalara gatnaşan adamlardyr.
XS
SM
MD
LG