Sepleriň elýeterliligi

Iordaniýada ýaralanan bäş adamyň biri öldi


Şu gün irden Ysraýylyň Eýlat şäheri oka tutulanda, raketalaryň biri Gyzyl deňziň kenaryndaky iordan porty Akaba düşdi. Ýaralanan bäş adamyň biri öldi.

Iordaniýanyň IIM-niň maglumatyna görä, elde ýasalan raketanyň Müsüriň territoriýasyndan atylandygyny derňew anyklapdyr.

Müsüriň ýörite gulluklary şeýle oka tutuşlygyň mümkindigini inkär edýärler.
XS
SM
MD
LG