Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti Obamany teledebata çagyrdy


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad dünýä problemalaryny çözmegiň ýollary barada teledebat geçirmäge ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamany çagyrdy.

Tähranda çykyş edip, Ahmedinejad žurnalistleriň gatnaşmagynda Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab kwartirasynda sentýabr aýynda Obama bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýardygyny bildirdi.

Ak Tamdan häzirlikçe reaksiýa ýok.

Eýranyň lideri ABŞ-nyň öňki prezidenti Jorj Buşa-da duşuşyk teklip edipdi, ýöne ol ret edilipdi.
XS
SM
MD
LG