Sepleriň elýeterliligi

Orsýetdäki ýangynlarda ölenleriň sany 40-a ýetdi


Orsýetdäki ýangynlarda ölenleriň sany 40 adama ýetdi. Iki müň gowrak adam öýsüz-öwzarsyz galdy.

Şu gün Moskwanyň üstünde goýy tüsse ýene-de abanyp dur. Ol şäheriň etegindäki torflaryň ýanmagyndan döreýär. Howada ýiti ýanyk ysy bar.

Moskwa oblasty Orsýetiň merkezi raýonlarynyň arasynda ýangyn öýjükleriniň sany boýunça iň öňdäki orunda dur.

Paýtagtda geçirilen maslahatda adatdan daşary ýagdaýlar ministri Sergeý Şoýgu orsýetlileri akylly-başly herekete çagyrdy.

Şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ençeme regionda adatdan daşary ýagdaý režimini girizmek barada permana gol çekdi.
XS
SM
MD
LG