Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Braziliýa eýranly aýala pena bermäge taýýar


Braziliýanyň prezidenti Luiz Inaçio Lula da Silwa: "Eýranyň prezidenti we eýran halky bilen aramyzdaky dostluk hem sylag-hormat esasynda ol aýaly Braziliýada garşy almak biziň üçin begençli bolar"
Braziliýanyň prezidenti Luiz Inaçio Lula da Silwa: "Eýranyň prezidenti we eýran halky bilen aramyzdaky dostluk hem sylag-hormat esasynda ol aýaly Braziliýada garşy almak biziň üçin begençli bolar"

Braziliýanyň prezidenti Luiz Inaçio Lula da Silwa zyna edenlikde günäli bilnip, daşlanyp öldürilmäge höküm edilen bir eýranly aýala pena bermäge taýýardygyny aýtdy.

Lula Braziliýanyň Kuritiba şäherinde eden çykyşynda Sakineh Mohammedi Aştiýanya pena bermek üçin özüniň prezident Mahmud Ahmedinejad bilen bolan dostlugyndan peýdalanyp biljekdigini bildirdi.

“Bu aýal ol ýerde problemalara sebäp bolýan bolsa, Eýranyň prezidenti we eýran halky bilen aramyzdaky dostluk hem sylag-hormat esasynda ony Braziliýada garşy almak biziň üçin begençli bolar” diýip, Braziliýanyň prezidenti Luiz Inaçio Lula da Silwa aýtdy.

Daşlanyp öldürilmeli edildi

Sakine Mohammadi Aştiýany
Zyna edenlikde günäli tapylyp, 43 ýaşly Aştiýanyýa ozal 99 gamçy uruldy. Şeýdip, iş tamamlanaýjak ýalydy welin, ýöne soňra Töwrizde bir sud oňa öz adamsyny öldürenlikde şübhe bildirensoň, sud işi gaýtadan gozgaldy. Aştiýany aklansa-da, zyna aýyplamasy täzeden gözden geçirilip, ol daşlanyp öldürilmeli edildi.

Braziliýanyň prezidenti Lula Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad bilen gowy şahsy gatnaşyk saklaýar. Ol ýaňy maý aýynda Eýranyň jedelli atom programmasy baradaky dawanyň çözgüdi üçin araçylyk etmäge synanyşdy.

Gelnen ylalaşyk boýunça Eýran pes derejede baýlaşdyrylan uranyny Türkiýä iberip, medisina barlaglary reaktoryna ýangyç üçin ýokary derejede baýlaşdyrylan uran almalydy. Ýöne Birleşen Ştatlar bu ylalaşygy ret etdi we netijede Tähranyň garşysyna Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan täze sanksiýa girizildi.

Tähran Aştiýanyny ölümden gutarmak üçin halkara derejesinde edilen haýyşdyr töwellalary ozal almady, onuň tarapyny çalýanlary “Günbatar we Ysraýyl bilen iletşikli” diýip garalady. Bu adamlary günälidigi subut edilen bir ganhory goraýanlykda aýyplady.

Aklawçysy gürüm-jürüm

Tussag astyna alynmlay diýlip, häkimiýetler tarapyndan buýruk çykarylaly bäri Aştiýanynyň aklawçysy Mohammad Mostafaýyny hem gören-bilen ýok. Mostafaýy Aştiýanynyň höküm edilmegini adalatsyzlyk diýip atlandyryp, muňa dünýa jemgyýetçiliginiň ünsüni çeken adam. Öz ejelerini ölümden halas etmek üçin Aştiýanynyň iki ogluny hem herekete getiren şol diýilýär.

“Käbir kazylar bular ýaly jenaýatlary subut etmek kyn diýip, beýle agyr höküm çykarmakdan saklanýarlar. Ýöne bu işi edýänler-de bar. Olar muny abraýly adamlaryň görkezmesine daýanyp däl-de, öz çen-çaky boýunça edýär. Bu bir jedelli zat. Sebäbi olaryň bu netijä gelmegi hemişe dogry bolup çykanok. Bular ýaly jezanyň işe nädogry garalyp ýa-da bu adamlaryň işleýän töweregine seredilip, çykarylan bolmagy-da mümkin” diýip, Mostafaýy aýdypdy.

29-njy iýulda Londonda adam hukuklaryny goramak boýunça aktiwistler Aştiýany tarapyndan ýazylan diýip, bir haty ile ýaýratdylar. Bu hatda şeýle diýilýär: “Maňa daşlanmaly diýip, höküm çykarylan güni bir çuň guýa gaçan ýaly bolup, akyl-huşumy ýitirdim. Men ölümden gorkýaryn. Ölmän galar ýaly maňa kömek ediň!”.
XS
SM
MD
LG