Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Bir sagat 18 minut» - adwokatyň ölümi


«Bir sagat 18 minut» diýlip atlandyrylýan spektakldan bir pursat, 5-nji iýun, 2010-njy ýyl.
«Bir sagat 18 minut» diýlip atlandyrylýan spektakldan bir pursat, 5-nji iýun, 2010-njy ýyl.

Käte nämedir bir zady sahnalaşdyrmak üçin döredijilik fantaziýasy kän bir zerur hem bolup durmaýar. Köplenç adamlar durmuşyň hakyky reallygyny we ajy hakykatyny görmäge ymtylýarlar. Moskwadaky «Teatr Dok» atly teatr hem ýakynda öz görkezen spektaklynda hut şu ideýadan ugur alana meňzeýär.

«Bir sagat 18 minut» diýlip atlandyrylýan bu spektakl geçen ýylyň ahyrynda türmede arada çykan orsýetli adwokat Sergeý Magnitskiniň gündeligindäki ýazgylar esasynda döredilen spektakl. S.Magnitski geçen ýylyň oktýabrynda derňew izolýatorynda aradan çykypdy. Ol bu izolýatorda özüniň sud prosesine garaşyp bir ýyla golaý oturdy.

«Teatr Dok» atly teatryň resmileri tomaşyçylar tarapyndan ähli biletleri diýen ýaly satyn alnan we iki aý dowam eden bu spektaklyň diňe ýakynda tamamlanandygyny mälim etdiler.

Bu sahnalaşdyrylan spektakl häkimiýetleriň gurnamaly sudunyň ornuna gurnalan jemgyýetçilik sudy ýaly bir zat boldy. S.Magnitskiniň ölümi bilen bagly resmi diňlenişikler bolsa heniz öňde.

Realistik žandra goýlan bu dramada S.Magnitskiniň ömrüniň soňky günlerinde onuň gündeliginde beýan edilen sudýalardyr doktorlar sahnada peýda bolýarlar we özleriniň jogapkärçilikleri barada dawa edýärler.

Tomaşaçylar we diskussiýalar

«Bir sagat 18 minut» atly bu spektaklyň režissýory Mihail Ugarow bu drama şeýle şowly bolar diýip garaşmandygyny aýdýar. Ol her gezek spektaklyň tamamlanmagynyň yzy bilen diskussiýalaryň bolýandygyny gürrüň berýär.

Mihail Ugarow
“Tomaşaçylar zalda galyp, biziň nähili ýurtda ýaşaýandygymyz, bu ýagdaýda näme etmelidigimiz ýaly meseleler barada gürrüň edýärler. Ýöne iň esasy zat, bu bolan wakanyň bizde muňa garşy durup biläýjek jemgyýetçilik pozisiýasynyň ýoklugy sebäpli ýüze çykanlygydyr” diýip spektaklyň režissýory M.Ugarow aýdýar.

“Biziň sahnalaşdyran spektaklymyz, goý, ol kiçijik bolsa-da, bu wakalar baradaky bir jemgyýetçilik pikiri bolup durýar. Bu spektakldan häkimiýetleriňem, prokuraturanyňam, sudlaryňam habary bar” diýip, M.Ugarow belleýär.

Bu gürrüňi edilýän spektakla Orsýetiň gazetlerinde we žurnallarynda-da synlar berildi. Spektakla hatda türmeleriň üstünden gözegçilik boýunça Jemgyýetçilik Komissiýasynyň başlygy Waleriý Borşew hem tomaşa etdi.

Spektaklyň režissýory M.Ugarow Orsýetiň häkimiýetleriniň bu spektakly dymyp garşy almaklarynyň olaryň öz bähbitlerinedigini aýdýar. Ol bu spektakla garşy ediljek islendik bir hereketiň olaryň haýryna we abraýyna bolmajakdynyny belleýär.

«Sosial proýekt»

Spektaklyň görkezilen agşamlary her gezek tomaşaçylar we aktýorlar teatryň zalynda galyp, ondaky wakalar we ideýalar barada özara pikir alyşdylar. Diskussiýa gatnaşyjylar muny «sosial proýekt» diýip atlandyrdylar.

Şol diskussiýalara gatnaşan moskwaly tomaşaçylardan biri spektakla syýasy drama däl-de, adam durmuşynyň dramasy, ýagny, adamlaryň birek-birekden üzňeleşmekleriniň dramasy hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Aslynda Orsýetde dokumental spektakllar adaty bir zat däl. Hakykatynda, «Bir sagat 18 minut» atly bu spektakl soňky ýyllar Moskwada görkezilen ikinji dokumental spektakldyr.

«Sentýabr dok» ady bilen görkezilen ozalky birinji dokumental spektakl hem hut şol «Teatr Dok» teatry tarapyndan goýlupdy. Ol 2004-nji ýylda Beslandaky mekdepde amala aşyrylan gyrgynçylygyň yzy bilen internetde peýda bolan hatlaryň esasynda döredilipdi.

Sergeý Magnitski

Sergeý Magntitski jaýlanýar, 20-nji noýabr, 2009-njy ýyl.
Ikinji dokumental spektakla sebäp bolan 37 ýaşly adwokat S.Magnitski öz ölüminden öň tussaghanada ýazan ýüzlerçe hatlarynda özüne bildirilýän aýyplamalaryň ýerliksizdigini tekrarlapdy. Oňa salgyt galplyklarynda jenaýat aýyplamasy bildirilipdi.

Ol öz hatlarynda bu bildirilen aýyplamanyň Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň iki sany ofiseriniň jenaýatçylyklary barada beren şaýatlyk görkezmeleri üçin ar alma hökmünde özüne garşy gurnalan çäredigini öňe sürüpdi.

Maglumata görä, öz ömrüniň soňky güni S.Magnitski çakdanaşa güýçli garyn agyrysyndan ejir çekýändiginden şikaýat edipdir. Emma oňa tussaghanada medisina kömegi berilmän, ol eli gandally halda 1 sagat 18 minutlap tä ölýänçä idegsiz galdyrylypdyr.
XS
SM
MD
LG