Sepleriň elýeterliligi

Orsýetdäki ýangynlarda azyndan 40 adam öldi


Orsýetdäki güýçli ýangynlarda azyndan 40 adam öldi, ýüzlerçe öýler we ummasyz ekin meýdanlary weýran boldy. Emma ýangyn söndürijiler öz işlerinde ösüşiň bardygyny we ýangynyň kemelýändigini aýdýarlar.

Bu krizise jogapkär Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky ministrligiň maglumatyna görä, 24 sagadyň dowamynda 500 sany täze ýangyn döredi. Bu ýangyn geçen 130 ýylyň dowamyndaky iň ýaramaz tebigi hadysa.

Düýn Orsýediň prezidenti D.Medwedew ýangyn giň ýaýran 7 regionda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

“Şu gün men birnäçe regionda adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilýändigi barada permana gol goýdum. Olaryň aglabasyna ýangyn uly zeper ýetirdi. Şol bir wagtyň özünde, köp zat biziň işlerimize bagly. Şäherde dem almak kyn we şäher juda yssy. Ilat şäherden daşary gitmek isleýär. Emma biz örän seresap bolmaly we biziň taşlan islendik kükürt çöpümiziň öwezini dolyp bolmajak betbagtçylyga getirmeginiň mümkindigini ýatdan çykarmaň!” diýip Medwedew aýtdy.

Mordowiýa, Wladimir, Woronež, Moskwa, Nizhniý Nowgorod, Rizan we Mairi El regionlarynda adatdan daşary ýagdaýlar yglan edildi.

Şol bir wagtyň özünde, düýn premýer-ministr W.Putin ýangynlaryň uly zyýan ýetiren regionlarynyň häkimlerini adatdan daşary maslahata çagyrdy.
XS
SM
MD
LG