Sepleriň elýeterliligi

Gaza barýan gamilere edilen hüjüm derňeler


Duşenbe güni BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun geçen maýda Gaza ynsanperwerlik ýardamyny alyp barýan gämä Ysraýylyň eden adam ýitgili reýdi barada derňew geçirjek toparyň döredilendigini yglan etdi. Onyň agzalarynyň arasynda türkiýeli we ysraýylly hem bar.

Täze Zelandiýanyň öňki premýer-ministri Palmeriň ýolbaşçylyk edýän bu topary öz işine 10-njy awgustda başlar. Olaryň ilkinji hasabaty sentýabryň ortalarynda taýýarlanar.

Şol bir wagtyň özünde, Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu öz ýurdunyň BMG-niň derňewine gatnaşjakdygy barada Pan Gi Muna maglumat berdi. Şeýle karara Netanýahunyň hökümetiniň ýokary derejeli agzalary geldiler.

Palestinalylara niýetlenen ynsanperwerlik ýardamyny alyp barýan gämide Ysraýylyň geçiren reýdinde Türkiýäniň 9 raýaty ölüpdi.
XS
SM
MD
LG