Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaçaý-Çerkez Respublikasynyň bilim ministri işinden boş


Orsýetiň Garaçaý-Çerkez Respublikasynyň bilim ministri wezipesini ýerine ýetirýän Irina Şapowalowa ýurtdaky mekdep okuwçylarynyň bütewi döwlet ekzameniniň netijeleriniň juda çişirilendigi üçin wezipesinden boşadyldy.

Bu baradaky karara Garaçaý-Çerkeziň prezidenti Boris Ebzeýew geldi.

Prezidentiň sözlerine görä, bütewi döwlet ekzameniniň netijeleri örän şübheli we Orsýetdäki ortaça görkezijilerden has ýokary.

Başga-da birnäçe çinownige hem temmi beriler.

Mundan ozal Orsýetde bilim pudagyna gözegçilik edýän döwlet edarasy bütewi ekzamenler baradaky ähli işleriň barlanjakdygyny yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG