Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky suw joşmalarynda heläkçilik uly


Pakistandaky güýçli suw joşmalary netijesinde ölenleriň sanynyň artmagyna garaşylýar. Olaryň 3 million adama zyýan ýetirendigi habar berildi. Bu suw joşmalarynda 1 müň 400 ýüzden gowrak adam öldi.

BMG-niň maglumatyna görä, tebigy heläkçilik netijesinde 980 müň çemesi adam öý-öwzarsyz galdy we olaryň sanynyň 1 milliona ýetmegi ahmal.

BMG-niň Dünýä azyk programmasy 4 etrapda 80 müň çemesi öýüň weýran bolandygyny we 50 müňüne zyýan ýetendigini mälim etdi.

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun bu krizise 10 million dollarlyk kömek bermegi söz berdi. Beýik Britaniýa 8 million dollar kömek bermäge wada etdi.
XS
SM
MD
LG