Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gün tertibinde iki raýatlyk meselesi


Şu ýylyň iýul aýynyň başyndan bäri Aşgabadyň halkara aeroportunda Moskwa uçýan we elinde iki raýatlygy bolan türkmenistanly ýolagçylara Migrasiýa gullugynyň işgärleri, Türkmenistanyň hökümetiniň Russiýa Federasiýasy bilen baglaşan iki raýatlyk hakyndaky ylalaşykdan birtaraplaýyn çykandygyny nazarda tutup, olara haýsy-da bolsa bir raýatlygy saýlap almaklaryny we şonuň esasynda hem olaryň serhetden geçiriljekdiklerini aýdyp gelýärler.

Käbir maglumatlara görä, şol günler ýolagçylaryň birnäçesi Moskwanyň uçaryna goýberilmändir. Soňra bu mesele boýunça iki döwletiň arasynda diplomatik gepleşikler başlandy.

Şu wakalar barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy aşgabatly syýasy we hukuk meseleleri boýunça bilermen B.Ataýew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ilki bilen söhbetimizi iki raýatlyk statusynyň ykrar edilmeginden başlaýaly?

B.Ataýew: Iki raýatlyk meslesi dünýä praktikasynda häzirki günlere çenli ulanylyp gelinýän düzgünleriň biri. Mysal üçin, ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Kanadada, Awstraliýada we başga-da köp döwletlerde iki raýatlyk düzgünleri saklanyp gelýär.

Ýöne üns bersek, bu döwletler öz syýasy we ykdysady sistemalaryna gabat gelýän ýa-da şoňa meňzeş döwletler bilen iki raýatlyk gatnaşyklaryny saklap gelýärler. Eger-de ol çapraz gelse, onda ol döwletler bilen iki raýatlygy saklamaýarlar.

Türkmenistan barada aýdanymyzda bolsa, bu başga mesele. SSSR-iň dargamagy öňki sowet respublikalarynyň ýolbaşçylaryny uly alada goýupdy. Olar Moskwadan özleriniň gaty daşlaşmajakdyklaryny iş ýüzünde görkezmek üçin Kremle bähbitli hereketler edýärdiler.

1993-nji ýylda Aşgabada resmi sapar bilen Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Boris Ýelsin gelende, Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazow iki raýatlyk meslesi hakynda ylalaşyk baglaşmagy teklip edýär. Bu teklibiň aňyrsynda Russiýa ýykgyn edýän döwlet çinownikleriniň hem uly rol oýnandygyny aýdyp geçmeli. Onsoňam, Türkmenistan öňki SSSR-e giren ýurtlaryň hatarynda iki raýatlyk barada ylalaşyk baglaşan ilkinji döwletleriň biri.

Azatlyk Radiosy: Iki raýatlyk ylalaşygyny ýatyrmak baradaky teklipler haçan ýüze çykdy we oňa nämeler sebäp boldy?

B.Ataýew: Resmi berilýän maglumatlarda Türkmenistandan we Russiýa Federasiýasyndan göçüp gitjek hem geljek adamlar 2003-nji ýyla çenli gidip hem gelip boldular diýlip aýdylýar. Şol sebäpli iki ýurduň şol wagtky prezidentleri W.Putin we S.Nyýazow bu ylalaşygy ýatyrmak barada netijä gelýärler.

Dogrudan-da, bu waka 1990-njy ýyllaryň birinji ýarymynda gaty gyzgalaňly ýagdaýda bolup geçdi. Türkmenistanda ýaşaýan rus dilli raýatlaryň köpüsi harby işgärleriň maşgalalarydy. Olar hem 2000-nji ýyllara çenli göçüp gidipdiler.

Ine, şu ýagdaýlary hem nazarda tutup, S.Nyýazowyň hökümeti 1999-njy ýylda iki döwletiň arasynda wiza düzgünlerini ýola goýmak barada şertnama baglaşýar. Şol şertnamada iki döwletiň serhedini kesip geçýän iki raýatlygy bolan adamlara Russiýa wizasyz gelip-gitmek hukugy berilýär.

Azatlyk Radiosy: Köp habar beriş serişdeleri iki raýatlyk meslesi barada ýazanlarynda 2003-nji ýylda türkmen tarapynyň kabul eden kanunyna salgylanýarlar. Şol kanunyň kabul edilmegi we onuň ýuridiki güýji barada näme aýdyp bilersiňiz?

B.Ataýew: Bu kanunyň kabul edilmegine 1993-nji ýylyň 23-nji dekabrynda goşa raýatlyk barada iki döwletiň arasynda baglaşylan ylalaşyk sebäp bolýar. Şol ylalaşygyň 8-nji maddasynda şeýle diýilýär: “Ylalaşygyň güýji 5 ýyla çenli dowam edýär. Eger-de haýsy hem bolsa bir tarap şol möhletiň gutarmagyna 6 aý galanda ylalaşygy ýatyrmak barada teklip bermese, onda ol ylalaşyk indiki 5 ýylda öz güýjüni saklaýar”. Bu ylalaşyk 1995-nji ýylyň maý aýynda güýje girýär. Türkmenistan tarapam şu ylalaşygyň 8-nji maddasyna salgylanyp, 2003-nji ýylda iki raýatlyk hakyndaky ylalaşygyň hereketini saklamak barada kanun kabul edýär.

Indi, ýuridiki tarapdan seredenimizde, onda 2003-nji ýyldan soň Russiýa tarapy Türkmenistanda ýaşaýan türkmen raýatlaryna öz raýatlygyny bermekden saklanmalydy. Ikinjiden hem, 2005-nji ýyla çenli Türkmenistandaky öz raýatlaryna öňki düzgüniň ýatyryljakdygyny we şondan soň serhedi iki pasport bilen kesip geçmegiň mümkin bolmajakdygyny düşündirmelidi. Ýöne muňa derek, Aşgabatdaky Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasy 2003-nji ýyldan soň Russiýada ýokary okuw jaýyny tamamlan ýaşlara öz raýatlygyny berip başlaýar. Etniki türkmenleriň arasynda olaryň sany ýyl saýyn artýar.

Azatlyk Radiosy: Eger Türkmenistan 2003-nji ýylda Russiýa Federasiýasyna 1993-nji ýyldaky ylalaşykdan çekilýändigini resmi taýdan aýdan bolsa, onda näme sebäpden ikinji tarap boýun bolmaýar?

B.Ataýew: Dogrusyny aýtsaň, bärde Moskwanyň syýasy oýun edýän bolmagy mümkin. Moskwa özüniň resmi berýän jogaplarynda 1999-njy ýylda iki döwletiň arasynda wizaly gatnaşyklary ýola goýmak hakynda baglaşylan ylalaşygyň bir bölümine salgylanyp, (şol bölümde elinde iki raýatlygy bolan adamlara wizasyz serhedi kesip geçmek hukugy berilýär) türkmen tarapynyň teklibini ret edýär. Bärde ýene iki raýatlygy bolan adamlar kösenýär.

2003-nji ýyla çenli Russiýanyň raýatlygyny alan adamlar Moskwa uçanlarynda türkmen tarapy olara iki raýatlyk hukugyndan peýdalanmaga rugsat berýär. Emma 2003-nji ýyldan soň Russiýa Federasiýasynyň raýatlygyny alanlara şol düzgüniň ýöremeýändigini aýdýarlar. Indi, bu adamlar türkmen pasportlaryna Russiýa Federasiýasynyň wizasyny goýduryp, serhetden geçip bilýärler.

25-nji iýula çenli Aşgabatdaky Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasy 2003-nji ýyldan soň raýatlyk alan adamlaryň türkmen pasportlaryna 15 amerikan dollaryny alyp, 90 günlük wizasyny goýýardy. Ýöne şol günden soň olar türkmen raýatlaryna (2003-nji ýyldan soň Russiýadan raýatlyk alanlara) täze biometrik pasportlaryny getirmeseler, öňki köne türkmen pasportlaryna wizanyň goýulmajakdygyny aýdýarlar. Bu hem iki raýatlygy bolan adamlaryň ýagdaýynyň kynlaşmagyna getirdi.

Azatlyk Radiosy: Düzgüne görä, biometrik pasportlar hemme raýatlara berilmeli. Näme üçin ol pasportlar iki raýatlygy bolanlara berilmeýär?

B.Ataýew: Kanun boýunça Türkmenistanyň hemme raýatlary islän wagtlary biometrik pasportlary alyp bilmeli. Iki raýatlygy bolanlara häzirlikçe pasport berilmeýän bolsa, onda, meniň pikirimçe, belli bir wagtdan soň berlip başlanar.

Iki raýatlygy bolanlara Migrasiýa gullugy «pasport berip biljek däl» diýip, resmi jogap bermeýär. Olaryň belli bir wagta çenli garaşmalydygyny aýdýar. Şonuň üçin iki raýatlygy bolanlaryň Moskwa gidip-gelmek meslesiniň çözgüdi Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligine bagly bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda iki raýatlyk meselesiniň edil häzirki wagtda gozgalmagynyň sebäbi näme bolup biler? Bu meselede syýasat ýokmy?


B.Ataýew:
Döwlet bar ýerinde syýasat hökman bolýar. Her bir döwlet özüne bähbitli tarapy saýlaýar. Haýsy tarap syýasy ussatlygyny dogry ulanyp bilse, ol hem ýeňiji bolýar. Bu meselede Türkmenistanyň hem öz bähbitleri bar. Soňky ýyllar, ylaýtada 2002-nji ýyldan bäri, Russiýa Federasiýasynda okan türkmen ýaşlaryna şol ýurduň raýatlygy berlip başlandy. Olaryň sanynynyň, käbir maglumatlara görä, 30 müňden gowrakdygy aýdylýar. Elbetde, bu hem türkmen resmilerini alada goýýandyr. Sebäbi, şeýle ýagdaý dowam edip gitse, onda ýene 10 ýyldan olaryň sanynyň 2-3 esse artmagy ahmal. Bu hem Türkmenistanyň geosyýasy howpsuzlygyna zyýan ýetirip biler.

Azatlyk Radiosy: Şu ýerde has anygrak aýdaýsaňyz? Nähili zyýan barada gürrüň gidýär?

B.Ataýew:
Bärde dürli meseleler bar. Mysal üçin, Türkmenistanda jenaýat edip, (ykdysady we syýasy ugurlaradan) soňra özüniň Russiýa Federasiýasynyň raýatydygyny nazarda tutup, halkara gapma-garşylyklary döretjekler bolup biler. Ýa-da Russiýa Federasiýasynyň 2020-nji ýyla çenli özüniň SSSR döwründäki geosyýasatyna dolanmak prinsiplerinden ugur alsak, onda bu syýasatyň Merkezi Aziýa ýurtlaryny, şol sanda Türkmenistany hem alada goýýan bolmagy mümkin.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda iki raýatlyk meselesine haçan nokat goýlar diýip, çak edýärsiňiz?

B.Ataýew: Muňa anyk belli bir wagt görkezmek kyn. Ýöne bu mesele 2013-nji ýyla çenli baryp ýeter. Belki oňa çenli iki döwletiň arasyndaky wiza düzgünleriniň ýatyrylmagy hem mümkin. Bu hem jedelli iki raýatlyk meselesiniň aradan aýrylmagyna getirer. Eger wiza düzgünleri aradan aýrylsa, onda Russiýanyň raýatlygyny aljaklaryň sany azalar. Hatda ol gerek hem bolmaz. Häzir Russiýa Federasiýasy şeýle düzgüni Ysraýyl, Bolgariýa, Türkiýe we başga-da birnäçe döwletler bilen amala aşyrdy.

Eger-de Russiýa Federasiýasy Türkmenistan bilen hem wiza gatnaşyklaryny ýatyrmak islese, onda ol özüniň imperialistik garaýyşlaryndan el çekmeli bolar. Garşydaşy kiçi döwlet bolaýanda-da, oňa öňki gol astyndaky ýurt hökmünde garaman, ony äsgermeli bolar, halkara düzgünlerine görä hereket etmeli bolar. Diňe şeýle ýagdaýda Türkmenistan açyklyga tarap gidip biler we iki döwletiň arasynda wiza päsgelçilikleri aradan aýrylar diýip, pikir edýärin.
XS
SM
MD
LG