Sepleriň elýeterliligi

Neşekeşlige garşy göreşiň soňy nähili bolar?


Türkmenistanda 674 kilogramdan gowrak neşe serişdeleri 800-1000 gradusa çenli gyzgynlykda ýandyrylyp, ýok edildi. 26-njy iýun.

Türkmenistanda 674 kilogramdan gowrak neşe serişdeleri 800-1000 gradusa çenli gyzgynlykda ýandyrylyp, ýok edildi. 26-njy iýun.

Türkmen telewideniýesiniň we beýleki köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatyna görä, ýurduň hukuk goraýjy organlarynyň geçiren operatiw-gözleg işleriniň netijesinde Türkmenistan-Eýran serhedinden bikanun neşe maddalaryny geçiren 9 adam saklanypdyr we olaryň ýanyndaky 230 kilogramm tirýek konfiskasiýa edilipdir.

Türkmen teletomaşaçylaryna konfiskasiýa edilen neşe maddaly paketler, haltalar, neşe gaçakçylygy bilen meşgul bolan adamlar, olardan alnan gymmat bahaly daşary ýurt maşynlary, ähli amatlyklary bolan we birkemsiz bezelen öýler we kwartiralar görkezildi.

Esasy gürrüňe geçmezden öň bir zady belemek zerur. Türkmen telewideniýesiniň berýän gepleşiklerinde özüne çekiji many-mazmun bolmansoň, olara tomaşa edýänleriň sany gaty ujypsyzlygyna galýar. Adamlaryň «mawy ekrana» ünsli seredýän halatlary gaty seýrek. Beýle pursatlar haçan-da «pylankesi işinden boşadypdyrlar» ýa-da «pylan welaýatda kimdir biri hukuk goraýjylar tarapyndan ele salnypdyr» we şuňa meňzeş şow-şow gürrüňler ýaýran mahallary bolýar. Beýleki wagt türkmen teletomaşaçylary Orsýetiň, Türkiýäniň, beýleki goňşy döwletleriň berýän gepleşiklerine çanakly antenna arkaly tomaşa edýärler.

Ynha, şu saparam şeýle boldy

«Watan» habarlar gepleşiginde birinji gezek tutulan neşe baronlary we konfiskasiýa edilen 230 kilogramm neşe baradaky habar berilmänkä, ekranyň öňünde tomaşaçy gaty azdy, ol gepleşik agşam sagat 21-de we 23-de efire berilende, teletomaşaçylaryň sany ep-esli artdy.

Elbetde, gürrüň teletomaşaçylaryň sany barada däl, neşekeşlik we neşe gaçakçylygy barada. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda göknar goňşy Owganystandaky ýaly giň meýdanlara ekilmeýär. Türkmenistanda ady agzalan goňşy döwletdäki ýaly tirýegi geroina ýa-da beýleki agyr neşelere öwürýän gizlin himiki laboratoriýalar hem ýok. Bir söz bilen aýdylanda, tirýegem, göknaram, geroinam, kokainam ýurdumyza goňşy döwletlerden aralaşýar. Bu hemmelere mälim fakt.

Şeýle bolansoň, göräýmege, neşekeşlige garşy göreş alyp barmak aňsat ýaly bolup görünýär. Bar edilmeli iş - olam neşäniň ýurda daşyndan gelmegine böwet basmaly – wessalam! Emma şu çaka çenli bu göräýmäge ýeňiljek iş ahyryna çenli ýerine ýetirilmen gelýär.

Näme üçin?

Neşäniň ýurda gelýän akymlaryna böwet basmaga Türkmenistan ýaly döwletde ähli mumkinçilik bar, bu işi öz göni gulluk borjy boýunça amala aşyrmaly güýçlerem bar. Ozaly bilen döwlet serhediniň goragynda duran serhetçiler bar. Galyberse-de her bir ýük maşynyny, her bir adamyň ýanyndaky el goşlaryny ýekme-ýek barlaýan gümrük gullugynyň işgärleri bar.

Bularyň üstesine Içeri işler ministriginde-de, Milli howpsuzlyk ministrliginde-de bar bolan degişli bölümleriň köp sanly işgärlerini goşsaň, onda neşä garşy göreş alyp barýanlaryň armiýasy ýene-de köpeler gider. Ahyry iki ýyl mundan ozal täze döredilen Türkmenistanyň neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça ýörite döwlet gullugy bar.

Gynansakda, şeýle güýji we degişli gulluklary bolan Türkmenistan özüni we ýurtda ýaşaýan halky daşyndan gelýän neşe belasyndan şu çaka çenli pugta we ygtybarly gorap bilmeýär. Munuň sebäpleri hakynda näçe aýtsaň aýdybermeli. Men diňe sebepleriň iň esasylary barada gürrüň etmekçi. Birinjiden, neşä garşy göreş alyp barmaga borçly, bu belanyň öňünde böwet bolup durmaly gulluklaryň işgärleriniň arasynda giňden ýaýran parahorluk. Ýadyňyzda bolsa, ýurduň öňki prezidenti öz çykyşlarynda polisiýa we Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýolbaşçylaryny neşe gaçakçylygynda, neşe söwdasynda açyk aýyplapdy.

Şol bir wagtyň özünde-de Saparmyrat Nyýazowyň «bir-iki gram neşe üçin adamlary tutup-basyp ýörmäň» diýen sözlerinden soň polisiýa işgärleri we «komitetçiler» neşe söwdasyny «öz akymyna» goýberdiler, bu söwdadan arkaýyn peýda edinip başladylar, gara nebse kowalaşdylar.

Netijede, şäherlerde we obalarda neşäni öý başyna diýen ýaly edip başladylar, «ak ölüm» atlandyrylan geroini çigit satan ýaly her ýerde arkaýyn satyp ugradylar. Müňlerçe ýaş oglan-gyzlar, aýal-erkekler neşekeş boldy, müňlerçe psihiki taýdan kemis çagalar dünýä indi. Türkmeniň geljekki nesline agyr urgy edildi. Neşekeşlik milli betbagtçylyga öwrüldi.

Soňky iki ýylyň içinde

Gepiň gerdişine görä aýtsak, soňky iki ýylyň içinde neşelere garşy göreş has netijeli boldy. Bu göreşi alyp barýan ýörite döwlet gullugy döredilensoň ýagdaý birneme gowulaşdy. Häzirki wagtda obalarda we şäherlerde geroini ýa-da tirýegi tapaýmak aňsat däl. Neşe söwdasy bilen meşgul bolanlaryň ýüzlerçesi, neşe çekenleriň müňlerçesi sud jogapkärçiligine çekildi.

Elbetde, beýle diýildigi neşekeşligiň soňuna çykyldy diýmegi aňlatmaýar, oňa heniz esas ýok. Neşe öňküsi ýaly açykdan-açyk satylmasa-da, ony isleg bildirenler zerur halynda tapýarlar, satyn alýarlar.

Eger döwletiň degişli gulluklary ýurduň içine gelýän neşeleri soňky saparky tutuşlary ýaly yzygiderli we rehimsizlik bilen tututsalar, onda, belki, bu belanyň soňuna çykylmagy hem mümkin. Emma neşä garşy iş öňküsi ýaly kampaniýa äheňinde alnyp barylsa, prezident aýdandan aktiwleşip, beýleki wagt ýene-de öz akymyna goýberilse, onda bu belanyň soňuna hiç wagtam çykylmaz.

Şatlyk Öwezow türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG