Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň gara sanawyndan 45 at aýryldy


Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsyzlyk Geňeşi Taliban we Al-Kaýda degişli gara sanawdan 45 ady aýyrdy.

Bu sanawy alyp barýan komissiýanyň başlygy Thomas Mayr-Hartingiň aýtmagyna görä, jemi 488 ady öz içine alýan sanawdan öçürilen 35 at Al-Kaýda, 10 at hem Taliban bilen ilteşikli. Sanawdan, mundan daşgary, ölen 8 adamyň hem ady aýrylypdyr.

Geňeşiň habar bermegine görä, Al-Kaýda bilen baglanyşykly diýilýän 35 adyň 14-si adam, 21-i hem kompaniýa ýa başga guramalaryň ady. Bularyň arasynda Ýewropa we Birleşen Ştatlarda ýerleşýänleri-de bar.

Bu barada owgan hökümeti tarapynan görkezilen resmi reaksiýa entek ýok. Prezident Hamid Karzaýiň sözçüsi “sanaw entek bize gelip gowşanok” diýip, bu barada beýanat bermekden saklandy.

Sanawy täzeden gözden geçirmekligi Birleşen Milletler Guramasyndan haýyş eden Hamid Karzaý. Ol bu iş gozgalaňçylar bilen barlyşyk işine goşant goşar diýip umyt edýär.

Birek-birege ynam

Kabir Ranjbar owgan parlamentiniň agzasy: “Bu barlyşyk prosesine, birek-birege ynam etmeklige oňaýly täsir eder. Biz ýaraglaryny taşlap, gazaply hereketlerden el üzüp, owgan konstitusiýasy boýunça asuda ýaşamaga taýyn Talibany bu işe höweslendirjek alamatlary görkezmeli”.

K.Ranjbar: “Käbir atlaryň gara sanawdan aýrylmagy, galanlary hem şol bir ýoly yzarlasalar, dünýä jemgyýetçiligi we owgan hökümeti tarapyndan olaryň sylag-hormat bilen garşylanjakdyklaryny görkezer. Bu dünýäniň we owgan hökümetiniň olara adaty hem asuda durmuşa başlara bir mümkinçilik berdigi bolar” diýýar.

Has möhümi, K.Ranjbaryň aýtmagyna görä, olaryň adynyň diňe gara sanawdan aýrylmagy däl. “Olar islän ýerlerine sapar edip, asuda ýaşap hem bilýärler, bank hasaplaryny hem ulanyp bilýärler. Bu bir diýseň höweslendiriji we oňaýly göçüm”.

Aňsat däl

Bir adamyň ýa bir guramanyň adynyň gara sanawdan aýrylmagy üçin ilki onuň Al-Kaýda bilen ilteşiginň ýoklugy, terrorçylykly işlere goşulman, owgan Konstitusiýasyny kabul edýänligi subut edilmeli.Bir adam öldi diýilýän hem bolsa, onuň ölendigi we maliýe ýagdaýy anyklanmaly.

Ýöne bu adamlar ýa bu guramalar baradaky maglumatlary anyklamak aňsat däl. Sebäbi olaryň aglabasy Owganystanyň we Pakistanyň sowa serhet ýakalarynda ýerleşýär. Bir adyň sanawdan aýrylmagy bilen Howpsyzlyk Geňeşiniň 15 agzasynyň hemmesi ylalaşmaly.

Käbir diplomatlar aýratyn-da Orsýetiň çeçen gozgalaňçylarynyň Taliban bilen arabaglanyşygyndan gorky edip, bu barada ikirjiňlilik edendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG