Sepleriň elýeterliligi

Karaçide azyndan 45 adam heläk boldy


Pakistanyň Karaçi şäherinde bolan ok atyşlykda heläk bolan adamlary sany 45-e ýetdi.

Hepdäniň ýekşenbe güni ýerli deputat Raza Haideriň öldürilmegi bilen bagly 2-nji awgustda ýüze çykan bu zorlukda 80-e golaý adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Ilat sany 16 milliona golaý bolan Karaçidaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin şähere harby goşunlar salyndy.

Muňa garamazdan, ok atyşlygyň 3-nji awgustda daňdan hem eşidilendigi habar berilýär.

Bu waka bilen bagly Karaçi şäherindäki mekdepler we ýokary okuw jaýlary sişenbe güni ýapyk boldy.
XS
SM
MD
LG