Sepleriň elýeterliligi

Eýran ölüme höküm edilen zenany Braziliýa goýbermeýar


Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ramin Mehmanparast Braziliýanyň prezidentiniň teklibini Tähranyň ret edendigini mälim etdi.

Braziliýanyň prezidenti Luis Ignasio Lula da Silwa 31-nji iýulda eden çykyşynda Eýranyň prezidentine ýüzlenip, adamsyna wepasyzlykda aýyplanyp, ölüm jezasyna höküm edilen Sakineh Mohammadi Aştiýanyny Eýranda problema döredýan bolsa, ony Braziliýa kabul etmäge taýýardygyny aýtdy.

Ramin Mehmanparast Braziliýanyň prezidentiniň adamkärçiligine ýokary baha berip, Aştiýanynyň jenaýaty barada onda doly maglumatyň ýokdugyny nygtady: "Biz jenap Lula da Silwa bu jenaýat işi barada giňişleýin maglumat bereris, şonda ol köp zada düşüner".
XS
SM
MD
LG