Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak Tam Ahmedinejadyň teklibini ret edýär


Sişenbe güni Ak Tamyň metbugat wekili Robert Gibbs Eýranyň prezidenti Ahmedinejadyň sentýabrda BMG-niň Baş assambleýasynda prezident Obama bilen gepleşikler geçirmek baradaky teklibini ret etdi.

Gibbsiň sözlerine görä, eger Tähranyň hakyky niýeti bar bolsa, onda Eýranyň bikanun ýadro programmasyny diskussiýa etmäge taýýardygyny Obamanyň adminstrasiýasy mydama aýtdy. Emma şeýle niýet ýok diýip, Gibbs sözüne goşdy.

Golaýda Ahmedinejad döwlet telewidineýesinde eden çykyşynda Obama bilen ýüzbe-ýüz oturyp, medianyň öňünde global meseleleri maslahatlaşmaga taýýardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG