Sepleriň elýeterliligi

Kosowo öz garaşsyzlygy boýunça yslam ýurtlaryna ýüzlendi


Kosowo öz garaşsyzlygyny ykrar etmegi yslam ýurtlaryndan haýyş etdi.

Kosowanyň Daşary işler ministrliginiň beýannamasyna görä, daşary işler ministri Skender Hyseni şeýle haýyşy Arap Ligasy we Yslam konferensiýasy guramasyna agza döwletleriň wekilleri bilen BMG-däki duşuşygynda etdi.

Kosowo Serbiýadan garaşsyzlygyny 2008-nji ýylda birtaparlaýyn yglan etdi.

Serbiýa we Orsýet Kosowanyň garaşsyzlygyny hiç mahal ykrar etmejekdigini bildirdi.

BMG-e agza 193 döwletiň 69-sy Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi.
XS
SM
MD
LG