Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ Orsýetde aktiwistleriň saklanmagyna alada bildirdi


Ak Tam Orsýetde 31-nji iýulda 100 çemesi adamynyň saklanmagyna alada bildirdi. Olar Orsýetde ýygnak azatlygynyň çäklendirilmegine garşy demonstrasiýa geçirdiler.

ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili Maýk Hammer öz beýannamasynda ähliumumy gymmatlyklara, şol sanda Orsýetiň Baş kanunyndaky we gol goýan halkara dokumentlerindäki söz we ýygnak azatlygyna Moskwanyň hormat goýmagynyň möhümdigini aýtdy.

Her aýyň 31-nde orsýetli oppozisionerler we adam hukuklary boýunça aktiwistler Baş kanunyň 31-nji maddasyny goramak üçin protest geçirýärler. Şol madda ýygnak azatlygyna kepil geçýär.
XS
SM
MD
LG