Sepleriň elýeterliligi

Çeçen söweşijisi "liderlikden çekilýär"


Doku Umarow

Doku Umarow

“Kawkazcenter” internet sahypasynyň ýazmagyna görä, 46 ýaşly çeçen söweşijisi Doku Umarow “saglyk ýagdaýy sebäpli” liderlik ornundan çekilýär. Emma ol “jyhaddan” el çekmeýär we täze ýolbaşçylara kömek etmek üçin elde baryny etmekçi.

Internetde ýerleşdirilen wideoýazgyda D.Umarowdygyna ynanylýan adamynyň aýtmagyna görä, Demirgazyk Kawkazyň gündogar regionyndaky söweşijilere birnäçe ýyllap ýolbaşçylyk eden Aslambek Wadalow onuň mirasdüşeri bolar.

D.Umarow agzalýan wideoýazgyda çykyş edýär: “Men Kawkaz emirlikleriniň emiri wezipämden çekilýärin. Men biziň doganymyz Aslambek Wadalow ýaş we kuwwatly diýip pikir edýärin. Ol dürli netijeleri gazanar. Emma, bu meniň jihaddan el çekýändigimi aňlatmaýar. Enşalla, men köne mujaheddin söweşiji hökmünde söz hem iş bilen elimden gelenini ederin”.

Hut şol wideoýazgyda D.Umarowyň “sag goly“ Huseýn Gakaýew özüniň A.Wadalowy goldaýandygyny aýdýar: “Biz doganymyz Dokunyň amala aşyran özgerişliginden razy. Biz doganlarymyzdan, şol sanda dagystanly, inguşystanly we kabardaly doganlarymyzdan oňa wepaly bolmagy soraýarys”.

Nämäni aňladýar?

Entek bu wideoýazga resmi reaksiýa ýok. “Kawkaz Knoty” atly internet sahypanyň baş redaktory Grigoriý Şedowyň Azatlyk Radiosynyň rus gullugyna aýtmagyna görä, Umarowyň yglan etmesi Kawkazda gozgalaňçylaryň söweşiniň bu ýakynda gutarmajakdygyny aňladýar.

“Şol söweşijiler örän çylşyrymly operasiýalary we diwersiýalary gurnamaga gatnaşýarlar. Şonuň üçinde, bu habaryň garaşylmadyk zatdygyna garamazdan, onuň esasy mazmuny garşylyklaryň, söweş hereketleriniň kemelmejekdiginden ybarat” diýip, G.Şedow aýtdy.

D.Umarow demirgazyk Kawkazda güýçli şahsyýet kultuny döretse-de, Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy tarapyndan Emir Magas diýlip tanalýan inguşystanly belli lider tussag edeli bäri meýdan söweşijileriniň D.Umarowa wepalylygy sorag astyna düşdi.

Inguşystanly belli lider E.Magas hususy jaýda wagtlaýyn galanda, tussag edilipdi. Bu waka meýdan söweşijilerinden biriniň E.Magasy Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy FSB-e satan bolmagynyň mümkindigini aňladýar.

Azatly Radiosynyň Demirgazyk Kawkaz boýunça eksperti Liz Fulleriň pikiriçe, A.Wadalow D.Umarowdan has ýaş. Ol, belki, 40 ýaş töweregindedir. A.Wadalow Demirgazyk Kawkazyň gündogar regionyndaky söweşijilere birnäçe ýyllap ýolbaşçylyk edipdi. A.Wadalowyň D.Umarowa wepalylygy onuň möhüm derejesi.

Doku Umarow

Geçmişde D.Umarow öz işleri barada birnäçe wideoýazgy ýaýratdy. Ol iýunda ýaýradan wideosynda mart aýynda Moskwanyň metrosyna edilen hüjümiň jogapkärçiligini boýun alypdy. Şol hüjümlerde azyndan 40 adam ölüpdi we ýene-de 100 adam ýaralanypdy.

Şeýle-de D.Umarowyň topary 2009 njy ýylyň noýabrynda Moskwa-Sankt Peterburg otlusyndaky bomba partlamanyň jogapkärçiligini hem öz boýnuna alypdy. Bir ýyla golaý mundan öň bolup geçen şol wakada 26 adam ölüpdi.

D.Umarow 1994-nji ýyldaky ilkinji çeçen urşundan bäri meýdan söweşijileriniň işlerine gatnaşýar. Ol iki çeçen urşunda hem orus güýçlerine garşy söweşdi.

2006-njy ýylyň iýunynda D.Umarow ykrar edilmedik garaşsyz “Çeçen Içkeriýa respublikasynyň“ prezidenti diýlip atlandyryldy. Emma mundan bir ýyl soňra D.Umarow Çeçenistanyň garaşsyzlygyndan el çekdi we özüni “Kawkaz Emirlikleriniň emiri” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG