Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Moskwada howanyň hili peseldi


Moskwa, 4-nji awgust, 2010-njy ýyl.

Moskwa, 4-nji awgust, 2010-njy ýyl.

Ýangyndan ýaýraýan tüsse we güýçli howur Moskwada howanyň hiliniň aşa peselmegine getirdi.

Howanyň hapalygyna gözegçilik edýän edara öten agşam zäherli gazyň şäheriň howasynda kabul ederlik derejeden alty essä golaý artanlygyny habar berdi.

Bu edaranyň eksperti Ýelena Lezina: “Ertir ir bilen howanyň hapalygy howpsuz diýip hasap edilýän derejeden dört bilen on esse aralygynda ýokarlandy” diýýär.

Moskwaly Nadežda: “Bu, dogrudanam, çynlakaý problema. Aýratyyn-da ertirlerine penjireleri açmak mümkin däl. Howany kondinsirlemeli ýa penjirä öl örtgi tutmaly diýilse-de, bu zatlardan peýda ýok.”.

Iýun aýynyň ortalaryndan bäri Orsýetiň ýewropa bölegini gurşap alan aşa ýokary gyzgynlyk ýurduň 17 regionynda, şol sanda Moskwa, Nižniý Nowgorod we Kazanda tokaý ýangynlaryna sebäp boldy.

Ýangyn ençeme hepde bäri dowam edip, şu güne çenli 48 adamyň ölümine getirdi, 3000 töweregi öý weýran boldy.

Orsýetiň graždanlary hökümetden kömek soraýarlar. Wiksuniski regionynda ýangyn iki hepde dowam edip, ol ýerde 19 adamyň ölendigi, 650 öýüň hem weýran bolandygy aýdylýar.

Tutuş Orsýetde 10 müň töweregi ýangyn söndüriji we müňlerçe esger ýangyna garşy göreşýär. Ýurduň 7 welaýatynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky ministr Sergeý Şoýgu käbir ýerlerde ýangynyň kontrollykdan çykandygyny boýun alýar.

Düýn Nižniý Nowgorod regionynda ýerleşýän Sarow şäheriniň golaýynda ýangyn gaty güýjedi. Orsýetiň ýadro barlag merkezi şol ýerde ýerleşýär.

Ýagdaýa aşa howply diýip baha berlensoň, döwlet atom agentligi “Rosatomyň başlygy” Sergeý Kiriýenkonyň hut özi ol ýere gidip, ýangynyň söndürilmegine gözegçilik etdi.

Habarlarda aýdylyşyna görä, Orsýetde şu çaka çenli ýangynlar sebäpli dargan ekin meýdanlarynyň giňligi 130 müň hektardan geçýär.

Ekspertler moskwalylara, aşa zerur bolmasa, öýden çykmazlygy maslahat berýärler. Sinoptikler tüsse şu gije, belki-de ertire çenli dowam eder diýýärler.
XS
SM
MD
LG