Sepleriň elýeterliligi

Karaçidäki zorluk adam pidalaryna getirdi


Karaçi, 4-nji awgust, 2010-njy ýyl.

Karaçi, 4-nji awgust, 2010-njy ýyl.

Karaçide ýerli kanuny çykaryjynyň öldürilmegi köpçülikleýin gyrgynçylygy tutaşdyryp, azyndan 58 adamyň heläk bolmagyna we ýene 90 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Pakistanyň Karaçi şäheriniň resmileri tutaşan gyrgynçylykda azyndan 58 adamyň wepat bolanlygyny habar berdiler. Transport serişdeleriniň we dükanlaryň onlarçasy ýakyldy. Ýerli howpsuzlyk güýçleri şähere gözegçiligi dikeltmäge çalyşýarlar.

“Karaçi şäherinde metjidiň öňünde parlament agzasy Raza Haýderini kim atyp öldürdi?” diýen sorag köpleri gyzyklandyrýar.

Kim öldürdi?

Analitik Hasan Askari Rizwiniň pikirine görä, Reza Haýdariniň ölümine sebäpkärler ýurduň köp sanly syýasy, jenaýatçylykly, dini ýa etnik toparlaryna degişli bolup bilerler.

Pakistanyň resmileriniň sözlerine görä, şu ýyl syýasy sebäplere görä, Karaçide öldürilen adamlaryň sany 170-den aşdy. Adam hukuklaryny goraýjylar has uly sanlary getirýärler.

Raza Haýderiň jesedi, 2-nji awgust
Pakistanyň Içeri işler ministri Rehman Malik 2-nji awgustda eden çykyşynda syýasatçynyň janyna kast edilmegi bilen bagly soňky wakanyň Pakistany we ilkinji nobatda ýurduň aktiw söwda merkezi bolan Karaçini durnuksyzlaşdyrmak maksadyna gönükdirilenligini aýtdy.

Karaçiniň polisiýasynyň başlygy Fayaz Hanyň Azat Yewropa we Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu işde Fazal Mehsud radikal toparynyň eliniň bardygy güman edilýär.

Öldürilen kanun çykaryjy R.Haýder Karaçi şäherini dolandyrýan Muttahida Kaumi hereketiniň agzasydy. Bu syýasy topara esasan 1947-nji ýyldan bäri Pakistanda ornaşan, urdu dilinde gepleýän hindistanly mohajir migrantlary girýärler.

Bu hereketiň esasy syýasy garşydaşy Awami milli partiýasydyr. Bu dünýewi milletçi syýasy toparyň esasy merkezi Pakistanyň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýär. Bu topar Karaçidäki puştun jemgyýetine daýanýar.

Durnuksyzlygyň sebäpleri

“Associated Press” agentligine görä, Karaçide hereket edýän ähli syýasy partiýalar ol ýa beýleki derejede jenaýatçylykly hereketlere baş goşýarlar. Bu esasan talaňçylyklara ýa ýeri bikanun eýelemek bilen bagly wakalara degişli.

Üstesine şäherde däri-derman senagatyna degişli jenaýatçylykly toparlar hereket edýärler. Ýurduň demirgazyk-günbatarynda Pakistanyň goşunlarynyň alyp barýan harby çärelerinden gaçyp ýören talyp söweşijileri-de Karaçide jemlenýärler.

Dini we etnik gapmagarşylyklar hem bu ýurtda ýagdaýy has dartgynladyrýar. Hepdäniň duşenbe güni Karaçide bolan zorluklarda wepat bolan we ýaralanan adamlaryň köpüsiniň puştunlardygyny Awami milli partiýasynyň wekili Kadar Han Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Häzirki wagtda Pakistanyň polisiýasy ýagdaýy durnuklaşdyrmakda kynçylyk çekýär. Ençeme binalar ýakyldy, mekdepler, ýokary okuw jaýlary we dükanlar ýapyk.

Sindh welaýat administrasiýasynyň wekili Jamil Soomronyň sözlerine görä, ýerli hökümet Karaçidäki wakalaryň aňrysynda täze saýlanan hökümeti durnuksyzlanşyrmak maksatlarynyň ýatanlygyny çak edýär.
XS
SM
MD
LG